Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BOÝUNÇA MERKEZI TOPARYŇ MEJLISI

AŞ­GA­BAT, 31-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Milli Ge­ňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi.

Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy saýlawlary taýýarlamaga gatnaşan adamlaryň ählisine milli Liderimiziň adyndan hoşallyk sözlerini ýetirdi we olara işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Mälim bolşy ýaly, saýlawlar saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, göni däl saýlaw hukugy esasynda geçirildi.

Degişli şahsyýetnamalar gowşurylan Milli Ge­ňeşiň Halk Maslahatynyň saýlanylan agzalary ýakyn geljek bäş ýylyň dowamynda döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolan milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Mejlisde saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň milli synçylar boýunça wekilleriniň habarlary diňlenildi. Şeýle hem raýat toparlary, dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň barşyna syn etmegi bilen bagly geçirilen işler barada habar berildi.

Mejlise gatnaşyjylar milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmeginiň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretjekdigine ynam bildirdiler.

Milli Ge­ňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň üstünliklere beslenmeginiň ygtybarly binýady bolan demokratik ýörelgeleri işjeň­leşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrülendigi nygtaldy.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

(TDH).

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.