Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AŞGABAT – BINAGÄRLIGIŇ AJAÝYP NUSGASY

Parahatçylygyň mekany bolan eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň giň göwrümli, aýdyň maksatly beýik işleri netijesinde barha gözelleşýär. Eziz Watanymyz ykdysady taýdan dünýäde iň çalt ösýän döwletleriň hataryna goşulyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzda binagärlik babatda asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň paýtagty, türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy Aşgabat şäheri sözüň doly manysynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekanyna öwrüldi.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­tyýar­lyk döw­rün­de, be­ýik Ga­raş­syzly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk baý­ram­çy­lygy­nyň, Aş­ga­ba­dyň esas­lan­dy­rylma­gy­nyň 140 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nilýän ýylyn­da gö­zel paý­tag­ty­myz­da ula­nyl­ma­ga ber­len we ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän desga­lar ta­ry­hy wa­ka­la­ryň be­ýa­ny bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­r y ne­ti­je­sin­de sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­na öw­rü­len Di­ýa­ry­myz­da, şeý­le hem Aş­ga­bat şä­he­rin­de giň ge­rim bi­len gu­rul­ýan ak mer­merli bi­na­lar hem-de des­ga­lar türk­men hal­ky­nyň gu­wan­jy­na öw­rül­ýär. Şeý­le bag­ty­ýar dö­wür­de ra­ýat­la­rymy­zyň aba­dan dur­mu­şy ba­ra­da­ky ala­da netijesinde mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen baş ýö­rel­ge­si üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çiril­ýär. Ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak bu be­ýik iş­ler bag­ty­ýar hal­ky­myz­da dur­mu­şa we ýa­şaý­şa söý­gi, hö­wes dö­red­ýär.

Azi­ýa­nyň aja­ýyp göw­her ga­şy­na öw­rü­len Aş­ga­ba­dy­myz­da sö­züň do­ly ma­ny­syn­da dün­ýä­ni haýrana goýýan şä­her gur­lu­şy­gy üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Gö­zel paý­tag­ty­myz­da ak mer­me­re bes­le­nen ka­şaň bi­na­la­ryň, uly-uly des­ga­la­ryň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­tyýar­lyk döw­rün­de mil­li gur­lu­şyk se­naga­ty­na mak­sa­da­la­ýyk or­naş­dy­ryl­ýan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar san­ly­ja ýyl­da bu mö­hüm pu­dak­da düýp­li öz­gertme­le­ri dö­ret­di. Mu­nuň özi gur­lu­şyk se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ne gü­wä geç­ýär. Gö­zel­li­giň şä­he­ri Aş­ga­ba­dy­myz bolsa mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Paý­tagty­myz­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­magyň iri tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Ak şä­he­ri­mi­ziň öz­ger­ýän, ös­ýän keş­bi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösüşleriniň üs­tün­li­ge bes­len­ýän­digin­den ha­bar ber­ýär.

Türk­men hal­ky «Ak zat al­ny­ňa ýag­şy» di­ýip, ýag­şy ýö­rel­gä eýer­ýär. Paý­tag­ty­my­zyň ak mer­mer bi­na­la­ry türk­me­niň ak kal­by­na ça­lym­daş­dyr. Ady älem iç­re aý­dym bo­lup ýaň­lanýan Aş­ga­bat şä­he­ri­miz ag­zy­bir­li­giň, asu­da­ly­gyň we ba­ky aba­dan­çy­ly­gyň mer­ke­zi­dir. Hal­ky­my­zyň ýü­re­gin­de ata Wa­ta­ny­my­za, ene top­ra­gy­my­za çuň­ňur söý­gi bar, se­na­ly dil­ler­de bi­ze döw­let­li döw­ra­ny ba­gyş eden mil­li Li­de­ri­mi­ze al­kyş­la­ry bar. Çünki, bu be­ýik iş­le­riň göz­ba­şyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bar. Paý­tag­ty­my­zyň täsin bi­na­gär­lik gur­lu­şy taý­dan Gin­nesiň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­byn­da öz my­na­syp or­nu­ny eýe­le­me­gi hem Aş­ga­ba­dyň bu gün Ýer ýü­zün­de iň gö­zel şä­her­le­riň bi­ri hök­mün­de giň meş­hur­ly­ga eýe­di­gi­ne bü­tin aý­dyňly­gy bi­len şa­ýat­lyk ed­ýär. Hut şo­nuň üçin hem be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­nyň da­ba­ra­la­rynyň bü­tin dün­ýä ýaň sal­jak «Türkme­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­myz­da baş şä­he­ri­mi­ziň esas­lan­dy­ryl­ma­gynyň 140 ýyl­ly­gy­na taý­ýar­lyk gör­ýän bag­ty­ýar türk­men hal­ky Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len gün-gün­den gö­zel­leş­ýän paýtag­ty­my­za buý­san­ýar.

 

Baba MYRATBERDIÝEW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.