Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞOWLY MENZILLER GUWANDYRÝAR

Sakarçäge etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminde hem ýaş ýetginjekleri, okuwçylary sporta höweslendirmek we ýaş türgenleri ýetişdirmek ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Etrabymyzyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminde iki sany sport mekdebi bolup, bu mekdeplerde 602 okuwça 21 tälimçi sportuň dürli görnüşleri boýunça tälim bermekde ýadawsyz zähmet çekýär. Türgenlerimiz welaýat, döwlet derejesinde we halkara ýaryşlarynda gowy netijeler görkezýärler. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýaňy-ýakynda etrabyň 1-nji sport mekdebinde sportuň agyr atletika görnüşi boýunça welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi tarapyndan welaýatyň çempionaty geçirildi. Bu geçirilen ýaryşa biziň etrabymyzdan 50-ä golaý türgen gatnaşdy.

Ýaryşa etrabymyzyň 1-nji we 2-nji sport mekdeplerinden gatnaşan türgenlerimiz şowly çykyş edip, 11 sany birinji, 11 sany ikinji, 6 sany üçünji ýerleri eýelemek bilen, etrabymyzyň abraýyny belende galdyrdylar. Bu türgenleriň gowy netije görkezmeklerinde tälimçilerimiz — 1-nji sport mekdebinden Şatlyk Durdygylyjowy, Meýlis Gulalyýewi, 2-nji sport mekdebinden Guwanç Gandymowy we Orazberdi Orazdurdyýewi görkezmek bolar.

Ýaryşyň ýeňijilerine welaýat baş müdirliginiň Hormat hatlary we TKA-nyň etrap birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

 

Batyr AGAJANOW. Sakarçäge etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.