Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝEŇIJI TÜRGENLER

Sakarçäge etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde agyr atletika boýunça welaýat sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň meýilnamasyna laýyklykda erkekleriň we zenanlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde etrapdaky 2-nji sport mekdebiniň türgenleri üstünlikli çykyş edip, ýeňiji boldular.

Zenanlaryň arasynda guralan bäsleşikde Şirin Nepesowa 49 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1-nji ýeri eýeledi. Oglanlaryň arasynda guralan bäsleşikde Sapardurdy Orazmuhammedow 49, Yhlas Guwanjow 55, Ýakup Berdimuhammedow 67, Nowruz Döwranow 96 kilograma çenli agramlarda çykyş edip, 2-nji we 3-nji ýerlere mynasyp boldular.

Ýeňijilere welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi tarapyndan Hormat hatlary, kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň gymmatly sowgatlary gowşuryldy.

 

Akmuhammet ATAROW. Sakarçäge etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.