Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AŞGABAT — PARAHATÇYLYK DÖREDIJI MERKEZ

Şu ýyl özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny belleýän Aşgabat özboluşly aýratynlyklary hem-de däp-dessurlary bolan täsin şäherdir. Şol ajaýyp däpler bolsa aýawly saklanylmaga hem-de ösdürilmäge mynasypdyr. Häzirki döwürde biziň mähriban paýtagtymyz köpsanly döwrebap ak mermerli binalary, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlarynyň toplumlaryny, täsin köşkleri, ýadygärlikleri, myhmanhanalary, sport toplumlaryny, metjitleri, ýüzlerçe suw çüwdürimli ajaýyp seýilgähleri we seýilbaglary özünde jemleýär. Täze şaýollar tutuş şäheri kesip geçip, paýtagtymyzyň merkezine soňky döwürde düýbünden täze keşbe eýe bolan etrapçalary birleşdirýär. Bularyň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň baş şäheriniň halkara giňişliginde abraýynyň barha artmagyny şertlendirýär, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletiň paýtagty hökmünde onuň parahatçylyk dörediji, möhüm ähmiýetli geosyýasy, medeni, ykdysady merkez babatdaky derejesini has-da pugtalandyrýar. Syýasy durnuklylyk, raýat ylalaşyklylygy, ýurduň içinde höküm sürýän asudalyk, bazar özgertmeleri babatda saý­la­nyp al­nan ugur — bu­la­ryň äh­li­si Aşgabadyň işewürlik merkezi hökmündäki ornunyň hem artmagyna uly täsir edýär. Bu ýerde işewürligi netijeli hem-de giň gerimde alyp barmak üçin ähli şertler döredildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Aşgabat dünýäniň esasy syýasy merkezleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyzda sebit we halkara guramalaryň çäklerinde howpsuzlygyň we ösüşiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, olary durmuşa geçirmegiň usullary we ýollary işlenip taýýarlanylýar. Ak mermerli şäherimiz parahatçylykly gepleşikleriň berk tarapdary hökmünde tutuş dünýä äşgär boldy. Baryp geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ikinji ýarymynda paýtagtymyzda owganara hem-de täjigara gepleşikleriniň geçirilmegi, bu ýurtlarda jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Hut şol döwürde halkara synçylaryň, bilermenleriň, syýasatşynaslaryň dilin­de «Aş­ga­bat — parahatçylygyň şäheri» diýen jümle peýda boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2007-nji ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň açylmagy bu jümläniň ähmiýetini has-da artdyrdy. 2011-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki döwletleriň Merkezi Aziýada BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy göreşmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli halkara maslahaty geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Jemleýji jarnama hem-de Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasy kabul edildi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gatnaşmagynda 2017-nji ýylyň iýunynda Aşgabatda geçirilen terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ýokary derejeli gepleşikleriň barşynda bu Bilelikdäki meýilnamanyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde paýtagtymyzda geçirilen ýokary derejeli maslahatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Ählumumy terrorçylyga garşy göreşmek strategiýasyny amala aşyrmagyň anyk tejribesine garaldy. Hut Aşgabat BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýip ykrar etmeginiň başyny başlady. Galyberse-de, Türkmenistan 2021-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Aşgabat ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça iri merkez hökmünde hem möhüm orun eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we bökdençsiz iberilmegini üpjün etmek maksady bilen , Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlere energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygyň başyny başlamak boýunça giň gerimli resminamany taýýarlamaga içgin girişmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy Aşgabadyň başlangyjy bilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýalary kabul etdi. Ýurdumyz Türk­me­nis­tan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy baradaky başlangyjy öňe sürüp, ony 2009-njy ýylda üstünlikli amala aşyrdy. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy hemde Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyň gurluşygy alnyp barylýar. Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda soňky ýyllarda Türkmenistan ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna degişli Rezolýusiýalaryň üçüsiniň taslamalaryny hödürledi. Şol resminamalar 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda biragyzdan kabul edildi. 2016-njy ýylyň noýabrynda bolsa Aşgabat BMG-niň Durnukly ulag boýunça birinji Ählumumy maslahatynyň geçirilen ýerine öwrüldi. Şol maslahat Aşgabat beýannamasynyň kabul edilmegi bilen tamamlandy. Onda halkara ulagüstaşyr düzüminiň durnuklylygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek ýörelgelerinde halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

 

Jumanazar GARAJAÝEW, «Aşgabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.