Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“SANLY ULGAMYŇ BATLY GADAMLARY” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar aralygynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmeklige bagyşlanan “Sanly ulgamyň batly gadamlary”atly maslahaty geçirildi.          

surat

Maslahaty Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Başlygynyň orunbasary Ataberdiýew Sapar Hojabaýewiç alyp baryp, onda Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Fizika kafedrasynyň mugallymy Satlykow Kuwwat, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy, institutyň zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Amanowa Merjen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň uly ylmy işgäri, institutyň zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Jeren Sylapowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Setdarowa Şemşat  çykyş etdiler.                               

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölümi

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.