Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

OGULABAT EJÄNIŇ MÄHRI SIŇEN SUNGAT

Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat eje biziň ählimize nusgalyk zenandyr. Ogulabat ejäniň türkmen zenanyna mahsus salyhatlylygy, kanagatlylygy, maşgala ojagyna wepalylygy, el işlerine ussatlygy, aýratynda, ýaş gelin-gyzlarymyz üçin görelde mekdebidir.

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde öz käbesiniň maşgala ojagyna bolan yhlasy, el hünärine berýän ünsi barada ýakymly ýatlamalarynda uly hormat bilen beýan edýär.

surat

Ogulabat ejäniň zenanlarymyzyň gadymdan gelýän el işlerini dowam etdirendiginiň, olary sungat derejesinde kämilleşdirip, ýaşlara hem ussatlyk bilen öwredýändiginiň her birimiz şaýady bolýarys. Onuň öz eli bilen ören alajasyny hormatly Prezidentimiz täze doglan taýlara, bedewlere dakanda bolsa kalbymyz çäksiz buýsançdan pürepürlenýär.

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň  Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň — Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren nepis kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara mynasybetli maslahat geçirildi.       

Maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni  Ballyýewa Aýgül alyp baryp, onda Türkmenistanyň Zenanlar birleňiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Gurbangül Ataýewa Kakalyýewna, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, saly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowa, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine  ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogultäç Babaýewa,  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklary we azatlyklary goramak baradaky komitetiniň agzasy Aýgözel Nurlyýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy  Jennet Öwekowa, Türkmennebit Döwlet konserniniň Balkan welaýat müdirliginiň bölüm başlygy, şahyr Baýramsoltan Gurbanowa, Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulnabat Owlakowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleňiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Gülbahar Kulowa çykyş etdiler.  

                            

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölümi

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.