Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ARKADAGYŇ AK ŞÄHERI AŞGABAT” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda “Arkadagyň ak şäheri Aşgabat” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

surat

Dabarada çykyp geplänler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bu günki gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri özüniň milli binagärlik aýratynlygy bilen dünýäni haýrana goýýar diýip bellediler. Uly ruhubelentlige beslenip geçirilen baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň we onuň etrap häkimliklerinde şeýle hem olaryň garamagyndaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň birnäçesine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasynda ata Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işlerini we ak şäherimiz Aşgabady wasp edýän aýdymlar belentden ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar asuda Watanda halal we döredijilikli zähmet çekmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Begenç Baýramow, Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.