Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ARKADAG BILEN ÖZGERÝÄN WE GÜLLÄP ÖSÝÄN AŞGABAT” ATLY DABARALY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk  gaznasynyň  müdiriýeti bilen  bilelikde Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli “Arkadag bilen özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat” atly dabaraly maslahaty geçirildi.           

 

Maslahaty Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklary we azatlyklary goramak baradaky komitetiniň agzasy Babajykow Babajyk alyp baryp, onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin Ösüş we daşky gurşawy goramak agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Babanyýazow Çarygeldi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüni dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy, Mejlisiň deputaty Serdar Durdyýew, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri Araphan Ernyýazow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hukuk gözegçisi Ýunus Muhammedow,  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri Gurbanmyrat Muhammedow, “Zenan kalby” žurnalynyň bölüm müdiri Amangül Nurmyradowa çykyş etdiler.                               

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.