Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖSÜŞLERIŇ ŞAÝOLUNDA

Bu gün paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli şanly toý tutulýar. Bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşdyk. Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyzyň okgunly ösüşleri haýran galdyrýar. Dünýäde iň gözel şäherleriň birine öwrülýän Aşgabadyň çäkleri-de giňelýär, ilatynyň sany artýar.

2013-nji ýylyň 25-nji maýy tutuş halkymyz, aýratyn hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ýatdan çykmajak taryhy senä öwrüldi. Dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp möçberde jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi biziň her birimiziň kalbymyzy buýsanja gaplady.

Ak şäherimiz taryhy wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýär. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde giň gerimli özgertmeler öz beýanyny tapýar. Aşgabat, onuň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, täsin binagärligi ilatymyzy hemde ýurdumyzyň myhmanlaryny haýran galdyrýar. Paýtagt şäherimiziň özboluşly binagärlik keşbini kemala getirmek, şäher düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak baradaky meseleleri hormatly Prezidentimiz hemişelik üns merkezinde saklaýar. Ak mermerli paýtagtymyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş we döredijilik merkezleri gurulýar. Aşgabadyň gözelleşmeginde biziň hem paýymyz bar. Gurluşykçylarymyz paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasyny gurmaga gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Aşgabat ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryň iri merkezine öwrülmegiň şaýoly bilen barýar. Aşgabat diňe bir ylalaşdyryjy merkez bolman, eýsem, dünýäde sport şäheri hökmünde hem tanalýar.

 

Ýoldaş ÝAKUBOW, «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.