Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNINE BAGYŞLANAN ÇÄRE

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde guramagynda kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň mejlisler jaýynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Tebigat – ýaşaýşyň we gözelligiň gözbaşydyr” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamakda, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler, sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde sebit ähmiýetli iri taslamalar hem-de Tebigatyň ýerasty, ýerüsti baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürliligini gorap saklamak, topragy çölleşmekden, şorlaşmakdan goramak, howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan ýaramaz täsirleriň öňüni almakda alynyp barylýan işler barada bellemek bilen, türkmen tebigatyny hasda gözelleşdirmek maksady bilen her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde bütin ýurdumyz boýunça millionlarça miweli, saýaly, pürli görnüşli agaç nahallaryny ekilip ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde üstünlikli durmuşa geçirilýän tokaý maksatnamasy barada hem giňişleýin belläp geçdiler.

Dabaranyň dowamynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň  daşky gurşawy goramak ulgamyna degişli edara-kärhanalarda dürli kärlerde köp ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip gelýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalaryny ýokary öndürijilikli zähmete çekmek, olaryň önümçilikde döredijilik ukyplaryny hemme tarapdan goldamak maksady bilen, ýadygärlik sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Berdimyrat Rozyýew, Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.