Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MAŞGALA TÜRKMEN JEMGYÝETINIŇ BINÝADYDYR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň datly miweleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň günsaýyn gowulanyp barşynda, bagtyýar döwrümiziň eşretlerinde aýdyň görünýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokary derejelere ýetirmek üçin zerur bolan ykdysady, hukuk, guramaçylyk hem tehniki çözgütleri jemleýän ýörelgeleri hem täze döwrebap önümçilikleri döretmek, ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň çäklerinde döwletimiziň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň köpugurlylygyny gazanmak we olary innowasiýa häsiýetli ösüşe gönükdirmek maksatly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmagyň beýleki ugurlary bilen birlikde jemgyýetimiziň sagdyn bolmagy barada-da irginsiz aladalar edýär. Döwlet Baştutanymyz maşgaladaky görüm-göreldäniň jemgyýetiň sagdynlygyna edýän täsiri barada, ýurdumyzda ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, kämil aň-düşünjeli ynsanlar bolup  ýetişmekleri üçin giň gerimli işleriň alnyp barylmalydygy barada öz çykyşlarynda belläp geçýär.

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji aprelinde, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzda ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň täze gurlan binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisiniň geçirilmegi ýurdumyzda bolup geçýän syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli taryhy wakalaryň üstüni ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeleriň durýandygy, döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş hem medeni babatda ösdürmek boýunça kanun çykaryjylygyň kämilleşdirilmelidigi barada nygtap geçdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň has netijeli işlemeli ugurlaryny kesgitläp, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugurlarynyň biridigi, Halk Maslahatynyň raýatlar, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmalydygy barasynda hem durup geçdi.

Şol çykyşynda hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny hem-de meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmalydygyna, bu işleriň bolsa Watana söýgini döretmelidigine, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini gorap saklamagy we hormatlamagy üpjün etmelidigine ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan ruhy dünýäsiniň häzirki döwürde milletimiziň ruhy ýagdaýyny emele getirendigini, jemgyýetimiziň gündelik durmuşynda özara gatnaşyklaryň esasyna öwrülendigini, şunlukda bolsa, dostlugyň we ynsanperwerligiň kadalarydyr kabul edilen düşünjeleriniň biziň dünýä halklary bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzyň esasyny düzýändigini we ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna ýokary maksatlara eýe bolýandygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz şol gezekki çykyşynda sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginde maşgalanyň tutýan orny barada hem durup geçip, şeýle diýdi: «Milletimiziň ruhy galkynyşy maşgala ahlagyny we garyndaşlyk gatnaşyklaryny hem öz içine alýar. Biziň halkymyz maşgala ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamagy başardy.

Demokratiýanyň we bitewi dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar, sebäbi maşgala türkmen jemgyýetiniň binýady bolup durýar. Ol özboluşly ilkinji guramadyr. Maşgalada gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleri emele gelýär we dürli soraglar çözülýär. Şoňa görä-de, her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydyr. Ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýelemek üçin jogapkärçilik çekmelidir».

Halkymyzyň ata-baba gelýän maşgala ýörelgeleriniň iň naýbaşylarynyň biri hem arassaçylyk kadalarydyr, ýagny bedeniň, pikiriň, ruhy dünýäň, ynsabyň, zähmetiň arassalygydyr. Türkmen zenanlarynyň özleriniň döreden, iňňän inçeligi, irginsiz yhlasy, çendenaşa çydamlylygy talap edýän el işleri, türkmen halysy ýaly birnäçe sungata öwren senetleriniň görnüşlerini ýüzýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelmegi, olary asyrlarboýy kämilleşdirmegi, häzirki ösen tehnologiýalaryň döwründe milli baýlygymyz hökmünde buýsanç bilen dünýä ýaýmaklary — bu olaryň näderejede dörediji hem iş janlydygyny aýan edýän mysallardyr. Bular halkymyzda öý-ojagyň ýaraşygy hasaplanýan zenanlaryň halallygynyň, zehininiň, erjelliginiň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde ähli gözellikleri perzendiniň kalbyna guýýan keramatyň enedigi hakynda aýdylýar. Bu ajaýyp eseriň «Sözden başlanýan ägirtlik» atlandyrylan bölüminde şeýle diýilýär: «Taryhyň dowamynda bina edilen türkmen döwletleriniň soltanlarynyň kuwwatly güýje eýe bolmagynda, olaryň pähimli netijä gelip bilmeklerinde hem eneleriň täsiriniň bolandygyna men ynanýaryn. Bular barasyndaky durmuş hakykatynyň hemmesi bize mälim däl bolmagy-da mümkin. Ýöne eneleriň öz perzendiniň görnükli adam bolup ýetişmeginde uly orny eýeleýändigini welin, hiç kim inkär etmez».

Döwlet Baştutanymyz maşgalanyň mertebe tugy hasaplanýan zenanlara öý-ojak abadanlygynyň sütüni hökmünde garaýar. Mukaddes maşgalanyň berk binýady bolan enelerimizden görüm-görelde alan şu günki gelin-gyzlarymyz öý-ojaklarynyň sarpasyny belentde saklap, kemally ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bilen birlikde, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni, jemgyýetçilik durmuşyndaky ösüşlere hem öz goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýöredilýän gender syýasaty bu babatda olara mümkinçilikleriň gapysyny giňden açýar.

Gender syýasaty jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna zenanlaryň deň hukukly gatnaşmagyny kepillendirýär. Bu deňhukuklylyk syýasaty döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy has-da ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň üstünlikli amala aşmagyna işjeň gatnaşmaga türkmenistanly zenanlarda uly höwes döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň döwlet syýasatynda alnyp barylýan, durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işlere zenanlaryň deň hukukly gatnaşmagyna gönükdirilen gender syýasaty Garaşsyz ýurdumyzyň ösüş-özgerişleriniň badyna bat goşýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi ýurdumyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň maşgala mukaddesligine, halkymyzyň öý-ojak gymmatlyklaryna, ynsanperwer ýörelgelerine, mähriban zenanlarymyza bolan çuňňur sarpasyndan gözbaş alýan, ýurdumyzda ýöredilýän gender syýasaty boýunça döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän hem-de geljekde meýilleşdirilýän işleriň ähmiýeti, bu syýasaty alyp barmak arkaly göz öňünde tutulan maksatlar hakda halka giňişleýin, dogry düşünje bermek, esasan, jemgyýetçilik guramalarynyň paýyna düşýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatyny raýatlaryň arasynda ýaýmak, halka düşündirmek habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň hemde Zenanlar birleşiginiň degişli hünärmenleriniň hem ilkinji derejeli wezipesidir. Bu jemgyýetçilik guramalarynyň döwletimizde amala aşyrýan işlerinden aýratyn iki möhüm wezipäni bellemek bolar. Olar kärhanalarda, edaralarda, guramalarda zähmet çekýän öz agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak we iş berijiler bilen sazlaşykly gatnaşygy ýola goýmakda işgärleriň adyndan wekilçilik etmekdir.

Bilşimiz ýaly, üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de gözel Aşgabadymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenilip geçilýär. Bu şanly seneler mynasybetli eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýylyň bütin dowamynda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan dürli çäreleri guramak meýilleşdirildi. Biz geljekde-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli beýik işlerini halk arasynda giňden ýaýmakda yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly, döredijilikli zähmet çekmegi, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Gurbangül ATAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.