Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI “HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAGDYN JEMGYÝET ÝÖRELGESINIŇ HALKARA YKRARNAMASY” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýet ýörelgesiniň
halkara ykrarnamasy”
atly maslahaty geçirildi.

123

Maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň maslahatçysy Bezirgen Ataýew alyp baryp, onda  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleleri baradaky komitetiniň agzasy Ýeňiş Haýytjanow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty barada komitetiniň agzasy, Mejlisiň deputaty Kadyr Daňatarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bölüm müdiriniň orunbasary Didar Hydyrow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Maksat Döwletow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklygy boýunça utgaşdyryjysy Rahmandurdy Rahmanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy Rüstem Mämmedow dagy çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.