Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DURMUŞYŇ BEZEGI

Çaga — durmuşyň bezegi, ynsan ömrüniň dowamaty. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan giň özgertmeler, gazanylýan ähli ösüşler, ýetilýän belent sepgitler nesillerimiziň ýagty geljeginiň hatyrasynadyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda aýdym-sazly dabaralar guralýar.

Türkmenistan bagtyýar çagalygyň hem-de iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Ýurdumyz nesilleriň sagdyn ösmegi, döwrebap adamlar bolup ýetişmegi barada tagalla edýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işjeň wekili bolmak bilen, bu halkara guramanyň amala aşyrýan işlerine saldamly goşant goşýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda sagdyn durmuşy kemala getirmek, ruhubelent, berk bedenli ýaş nesli terbiýelemek ugrunda iňňän uly işler alnyp barylýar. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýäniň okuw dersi hökmünde girizilmegi, şonuň bilen bilelikde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän iri sport toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, öň bar bolan stadionlaryň, sport desgalarynyň durkunyň abadanlaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bedenterbiýäniň ähmiýeti, ýaş nesli kemala getirmekde sportuň tutýan orny barada hormatly Prezidentimiziň edýän sargytlary ýaş nesillerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

 

Maksat ÖWLÝAGULYÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Döwletli etrap birleşmesiniň hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.