Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“SPORT SAGLYK DIÝMEKDIR, SAGLYK- IŇ ULY BAÝLYKDYR” ATLY SÖHBETDEŞLIK GEPLEŞIGI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Altyn Asyr Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamaklarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny goramak babatda alyp barýan döwlet syýasatyndan ugur alyp ýokanç keselleriň öňüni almak we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen “Sport saglyk diýmekdir, saglyk - iň uly baýlykdyr” atly söhbetdeşlik gepleşigi geçirildi.

Söhbetdeşligi Türkmenistanyň “Altyn Asyr-Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Arkadagly ajaýyp Watan” atly gepleşiginiň redaktory Gunça Kowusowa alyp baryp, onda Aşgabat şäheriniň 9-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Aýsoltan Jumaýewa, Aşgabat şäheriniň 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Aýsona Allaberenowa, Aşgabat şäheriniň 4-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Ogulbibi Hojatowa, Aşgabat şäheriniň 4-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Ogulsabyr Rejepowa dagy çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.