Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALALLYK — BAŞ ÝÖRELGÄMIZ

Şu günler welaýatymyzyň çägin­däki edara-kärhanalarda, guramalarda zähmet çekýän işçi-hünärmenlere kanunçylygy düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Welaýat merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň mejlisler jaýynda hem şeýle maslahatlaryň biri geçirilip, oňa welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat adalat bölüminiň bilelikdäki meýilnamasyna laýyklykda geçen duşuşykda täsirli çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Welaýat we Ak bugdaý etrap kazyýetleriniň, welaýat prokuraturasynyň, Polisiýa müdirliginiň, adalat bölüminiň, adwokatlar kollegiýasynyň wekilleri öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda döwrebap şertlerde döredijilikli zähmet çekmäge, döretmäge, zähmetiň hözirini görüp ýaşamaga döredilen ajaýyp mümkinçilikler hem-de döwlet Baştutanymyzyň her bir raýatyň bagtyýarlygy ugrunda durmuşa geçirýän tutumly işleriniň ähmiýeti barada gürrüň etdiler.

«Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamany» üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen maslahatda korrupsiýanyň, parahorlygyň ýurdumyzyň, jemgyýetimiziň ösüşini bökdeýändigi, ata Watanymyzyň okgunly ösýän döwründe şeýle ýaramaz ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almagyň möhüm wezipedigi barada aýratyn durlup geçildi. Onda ýaramaz endiklerden daşda durmagyň, halal we päk zähmetiň bilen beýik ösüşlere goşant goşmagyň ähmiýeti hakynda aýdylanlar örän täsirli boldy.

Bu ýere ýygnananlar halkymyzyň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, halal zähmet çekip baýamagy ugrunda ajaýyp şertleri döredýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Gurt GURBANDURDYÝEW, Ahal welaýat kazyýetiniň bölüm müdiri.

SU­RAT­LAR­DA: mas­la­hat­dan pur­sat­lar.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.