Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

EDEP-TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň, Türkme­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň we Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­klaryn­da «Ar­ka­dag­ly dö­wür—aba­dan dur­mu­şyň bin­ýa­dy» at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­hat mil­li­li­gi­mi­ze, maş­ga­la mu­kad­des­li­gi­ne, edep-ter­bi­ýä ba­gyş­la­nyp, on­da edi­len çy­kyş­lar Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­da dur­ma­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan be­ýik iş­le­re buý­sanç­na­ma bo­lup ýaň­lan­dy.

«Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da bat­ly ga­dam­lar,ru­hu­be­lent­lik bi­len ýe­ne bir baý­ram­çy­ly­ga — şan­ly Ga­raş­syz­lygy­my­zyň 30 ýylly­gy­na bar­ýa­rys. Öz­başdak­ly­gy­ny yg­lan edip, ösüş­le­riň ýo­lu­na dü­şen Türk­menis­tan ta­ry­hy taý­dan örän gys­ga möh­let­de—30 ýy­lyň için­de asyrla­ra ba­ra­bar ýol geç­di.

Türk­men hal­ky öň­de­n hem oka­magy özü­ne hem­ra edi­nen halk. Şo­nuň ýa­ly-da, dö­re­di­ji halk. Mil­li mi­ra­sy­my­za de­giş­li gym­mat­ly eser­ler ýü­re­giň­de hal­kyň ga­dy­my­ly­gy­na, me­de­ni­ýe­ti­ne, ynan­jy­na we däp-des­sur­la­ry­na çuň­ňur söý­gi dö­red­ýär. Bu söý­gi, el­bet­de, oza­ly bi­len, her bir türk­me­niň zan­dyn­da bolup, ene hüw­dü­si bi­len ber­kän­dir. Halk dö­re­di­ji­lik we beý­le­ki eser­le­riň üs­ti bi­len kalp­la­ra or­nan­dyr.

Ta­ry­hyň jüm­mü­şi­ne ara­laş­saň, şu top­rak­da dö­rän, dün­ýä ýaň sa­lan ösüşle­riň, be­ýik me­de­ni­ýe­tiň yz­la­ry­ny görýär­siň. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, hal­ky­my­zyň köpasyr­lyk ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­niň çuň­ňur kök­le­ri­ne ara­la­şyp, me­de­ni­ýeti­mi­ziň be­ýik­li­gi­ne, en­çe sy­nag­lar­dan ge­çip, bar­ha kä­mil­le­şip ge­len­di­gi­ne çuň­dan dü­şün­ýär­siň. Bu gym­mat­lyk­lar türk­me­niň ze­nan ede­bi, ene hüw­dü­sinden baş­lan­ýan mil­li ter­bi­ýe­si, ha­lal­lyk, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri bi­len hem berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Bu gün­ki gün­de ene-ma­ma­la­ry­myzdan mi­ras ga­lan mil­li ýol-ýö­rel­ge­ler, däp-des­sur­lar my­na­syp do­wam et­di­rilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döw­rün­de hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn orun be­ril­ýär.

Ta­ryh­dan bel­li bol­şy ýa­ly, eli çe­per, süý­ji dil­li ene-ma­ma­la­ry­myz mil­li ly­basla­ry­my­zy be­ze­mek üçin dür­li na­gyş­la­ry dö­re­dip­dir­ler. Şol çe­per usul­la­ry, tär­le­ri, tej­ri­be­le­ri ene­ler gyz­la­ry­na, aýal do­ganlar uýa­la­ry­na, ge­lin­ler bal­dyz­la­ry­na öwre­dip­dir­ler. Ge­lin-gyz­la­ry­my­za mah­sus üme des­su­ry türk­men gyz­la­ry üçin hem edep-ter­bi­ýä­niň, hü­när öw­ren­me­giň hem-de sun­ga­ta ara­laş­ma­gyň mek­de­bi bo­lup­dyr. On­da ýaş gyz­lar di­ňe bir el işle­ri­ni däl, eý­sem, dur­muş­da özü­ňi alyp bar­ma­gyň ýol­la­ry­ny, edep-ka­da­la­ry­ny hem öw­ren­ýär­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mil­li mi­rasy­my­zyň tu­tuş adam­za­dyň dur­muş tej­ri­be­si bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dygy­ny yzy­gi­der nyg­ta­ýar. Çün­ki is­len­dik hal­kyň me­de­ni­ýe­tin­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýan umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry türk­men hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ryn­da hem aý­dyň şöh­le­len­ýär.Asyl­ly­lyk, ter­biýe­li­lik, myh­man­sö­ýer­lik ýa­ly ýö­rel­ge­dir asyl­ly däp-des­sur­la­ry­myz dün­ýä nus­ga bo­lup dur­ýar.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň mäh­ri­ban kä­be­si Ogu­la­bat ejä­niň dur­muş ýo­ly hal­kymy­zyň ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Bu ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly ki­ta­byn­da giň­den be­ýan ed­ýär. Bu eser eziz ene­le­ri­mi­zi sar­pa­la­ma­gyň be­lent nus­ga­sy­dyr. On­da ene mu­kad­des­li­gi, maş­ga­la gymmatlyklary giň­den şöh­le­lenip, ata-ene bi­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar ba­ra­da söh­bet edil­ýär.

Ýa­kyn­da Ogu­la­bat ejä­niň be­je­ren kür­te­si­niň mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­ma­gy hem me­de­ni mira­sy­my­zy çuň­ňur öw­ren­me­giň, go­rap sak­la­ma­gyň hem-de giň­den wa­gyz et­me­giň ze­rur­dy­gy ba­ra­da­ky asyl­ly mak­sat­la­ry özün­de jem­le­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sürýän sy­ýa­sa­ty­ ne­ti­je­sin­de be­den taý­dan sag­dyn, ru­hy taý­dan baý we saz­la­şykly ösen ýaş nes­li ke­ma­la ge­tir­mä­ge, ene­le­riň sar­pa­lan­ýan jem­gy­ýe­tin­de maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­nyň ber­ka­rar bol­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Türk­men hal­ky asyr­lar­bo­ýy ýaş nes­li be­lent ah­lak­ly­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­megiň nus­ga­lyk mek­de­bi­ni gör­ke­zip gel­ýär. Mun­da asyl­ly ene­le­ri­mi­ziň hyz­ma­ty örän uly bo­lup, olar öz paý­ha­sy, sa­byr­ly­ly­gy, ün­dew-ne­si­hat­la­ry bi­len mil­li je­bis­li­gimi­zi has-da ber­kit­mä­ge, ýaş­la­ry­my­zy be­lent wa­tan­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mä­ge my­na­syp goşant­la­ry­ny goş­ýar­lar.

Bu ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ta­gal­la­sy bi­len ne­şir edi­len «Paý­has çeş­me­si» at­ly ki­tap­da ýer­leş­di­ri­len «Gyz maş­ga­la­nyň er­ki ene­de bo­lar», «Adama ata­dan gy­lyk-hä­si­ýet, ene­den bol­sa ze­hin geç­ýän­dir», «Ata-enä­niň ýü­re­gi per­zent­de­dir», «Ede­biň ýag­şy­sy ata-ene­ňi sy­la­mak­dyr», «Ene bi­ze top­ra­gy söý­me­gi, ata bi­ze Wa­ta­ny söý­me­gi gan, ruh bi­len ba­gyş eden­dir», «Ede­biň ýagşy­sy Wa­ta­ny söý­mek­dir», «Edep—bergi­dir. Ah­lak­ly­lyk—beg­lik­dir», «Ek­le­mek borç­dur, çö­rek ber­mek borç­dur, ter­bi­ýe ber­mek bol­sa iki es­se borç­dur» ýa­ly na­kyl­lar, pa­ra­sat­ly pä­him­ler türk­men ter­bi­ýe­çi­lik mek­de­bi­niň öze­ni­ni düz­ýär. Bu pä­him­le­riň her bi­ri ne­sil ter­bi­ýe­sin­de şam­çy­rag­dyr.

Şu pur­sat­da asyl­ly hem ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi ber­kid­ýän we dün­ýä ýaý­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den sagbol­sun aýd­ýa­rys.

Maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­na uly sarpa go­ýup, ene­le­ri­mi­zi, ze­nan­la­ry­my­zy, ge­lin-gyz­la­ry­my­zy dur­mu­şyň gü­lü­ne de­ňe­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, ba­şy dik, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

 

Gurbangül ATAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.