Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BALKANABAT ŞÄHERINIŇ BIRINJILIGI

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, şu günler beýleki dürli çäreler bilen birlikde, sport ýaryşlary hem yzygiderli geçirilýär. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça geçirilen ýaryş-da baş baýramymyza bagyşlandy. Balkanabat şäheriniň birinjiligini eýelemek ugrundaky ýaryşa edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Gyzykly geçen duşuşyklaryň netijesinde erkekleriň arasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň işgäri Arslan Tekäýew birinji orny eýelemegi başardy.

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Resul Atamämmedow ikinji orna mynasyp boldy. Welaýat merkezindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy Ahmet Şamedow baýrakly üçünji orna eýe çykdy.

Aýal-gyzlaryň arasyndaky bäsleşikde Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Şemşat Abaýewa iň gowy netijäni görkezmegiň hötdesinden geldi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginden Orazsoltan Meredowanyň paýyna ikinji orun düşdi. «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň işgäri Gözel Geldiýewa üçünji orna mynasyp boldy.

 

«Balkan» gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.