Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

YNSAN GÖRKI — HÜNÄR

Halkymyz gadym döwürlerden bäri hünärine ussat adamlara uly hormat goýupdyr, olaryň mertebesini belende göteripdir. Ussatlar hünäriniň ýitip gitmezligi üçin şägirtlerine öz hünäriniň inçe syrlaryny, tilsimlerini öwredip, munuň nesilden-nesle geçmegini gazanypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata-baba dowam edip gelýän bu ýol-ýörelgeler täze röwüşde dikeldilýär we ýaşlara öwredilýär. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň wekilleri-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýuny dabaralara beslemek, talyplaryň hünär ussatlygyny ýüze çykarmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda hünär, döredijilik, sport bäsleşiklerini yzygiderli geçirýärler. «Hünär ussatlygy» ady bilen geçirilen bäsleşik hem nobatdaky gezek zehinli ýaşlaryň birnäçesini ýüze çykardy. Bu çärä Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji, 2-nji, 3-nji başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Talyplaryň hünär taýýarlygynyň hilini hem-de döredijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ukyp-başarnygyny kämilleşdirmek, belli bir hünäre ugrukdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde ýaşlar «Aşpezlik işi», «Tikinçi-biçimçi» hünärleri boýunça bäsleşdiler. Netijede türkmen milli tagamlaryny, gök önümlerden dürli görnüşli işdäaçarlary, şeýle-de süýji we konditer önümlerini taýýarlamakda 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Mähri Guzybaýewa deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başardy we birinji orna mynasyp boldy. 3-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Aýnabat Muhamedowa we 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Laçyn Jumaniýazowa dagy bolsa degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýelediler. «Biçimçi―tikinçi» hünäri boýunça bäsleşen gyzlaryň arasynda 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Rozygül Yhtyýarowanyň sünnäläp ýerine ýetiren tikin-çatyn işleri emin agzalarynyň ýokary bahasyna eýe boldy. 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Lola Ereşowa hem-de 3-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Nargiza Ereşowa dagy hem baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Üstünlik gazanan ýaşlara bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Bahar JUMANAZAROWA, ýörite habarçymyz.

Surata düşüren Merdan ORAZOW.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.