Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TEBIGATYŇ ABADANÇYLYGY — DÜNÝÄNIŇ ABATLYGY

Geçen hepdäniň şenbe güni ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenildi. Welaýatymyzyň obadyr şäherlerinde-de şu mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, dabaralar guraldy. Şol günlerde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Daşky gurşawyň abadançylygy — dünýäniň abatlygy» diýen at bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylan sergi hem şu şanly senä bagyşlandy. Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak babatda giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny buýsançly nygtadylar.

Tebigat — biziň umumy öýümiz. Şu jähtden tebigatyň gymmatly baýlyklaryny goramak derwaýys wezipedir. Şuny nazara almak bilen, ýurdumyzda her ýyl bag ekmek çäreleri geçirilýär, oba-şäherlerimizde miweli, pürli we saýaly agaçlaryň ýüz müňlerçe düýbi ekilýär. Şeýle oňyn tagallalaryň netijesinde ýurdumyz günsaýyn bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga beslenýär, ekologiýa abadançylygy mese-mälim gowulaşýar. Ine, edilen çykyşlarda şu oňyn başlangyçlar dogrusynda jikme-jik durlup geçildi.

Soňra dabara gatnaşyjylar sergidäki eksponatlary synladylar. Onda ýabany we öý haýwanlary, otag gülleri, Garagum sährasynyň, Köýtendagyň, Amyderýanyň sapaly jülgesiniň, umuman, türkmen tebigatynyň gözellikleri dogrusynda söhbet açýan albomlar, fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Bu görnüşler sergini synlanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

 

Myrat BAGŞYÝEW.

Surata düşüren Merdan ORAZOW.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.