Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝAŞ AŞPEZLER ÝARYŞDYLAR

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Başlangyç hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de ministrligiň Başlangyç hünär okuw mekdebiniň KA-nyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda, ady agzalan mekdepde «Hünär ussatlygy» atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň maksady, milli Liderimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, «Aşpezlik işi» hünäri boýunça talyp ýaşlaryň ussatlygyny, zähmet usullaryny, işiň tehnologik sowatlylygyny, ýumşy dürs ýerine ýetirişlerini kämilleşdirmekden we ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertleri, özüň barada tanyşdyrmak; ýörite aşpez geýimlerinde bolmak; «Aşgabat» işdäaçaryny taýýarlamak; milli türkmen nahary — «Palawy» taýýarlamak; milli türkmen tagamy — «Pişmäni» taýýarlamak; konditer önümlerini taýýarlamak; türkmen desterhanynyň bezelişini taýýarlamakdan ybarat boldy.

Bäsleşige Başlangyç hünär okuw mekdebiniň 24-nji Aşpez-konditer tehnology, 30-njy Aşpez-konditer tehnology, 31-nji Aşpez-kulinar tehnology toparlaryndan talyp ýaşlar gatnaşyp, geljekde eýesi boljak hünärlerine bolan ezberligini ýüze çykardylar. Bäsleşik diýseň gyzykly pursatlara baý bolup, eminler topary kesgitlenen şertler boýunça taýýarlanan tagamlara baha berdiler hem-de öz pikirlerini talyp ýaşlar bilen paýlaşdylar.

Birinji orna 24-nji toparyň gatnaşyjylary Söýli Jumaýewa, Liliýa Muhammedowa, ikinji orna 30-njy toparyň gatnaşyjylary Annagül Täçgeldiýewa, Abadan Orazmuhammedowa, üçünji orna 31-nji toparyň gatnaşyjylary Hatyja Hallyýewa, Kristina Sarkisowa mynasyp boldular hem-de olar Başlangyç hünär okuw mekdebiniň KA-nyň ilkinji guramasynyň Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.