Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝOKARY HILLI SÖWDA HYZMATYNYŇ NUSGASY

31-nji maýda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ýokary hilli söwda hyzmatynyň nusgasy» atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Bäsleşigiň maksady, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin edýän tagallalaryny hem-de söwda işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini doly we üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak­dan ybaratdyr.

Bäsleşik eýeçiligiň görnüşine we pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan, Aşgabat şäheriniň ähli söwda nokatlary gatnaşmaga hukukly şertlerden ybarat bolup, ol 3 ugur boýunça geçirildi.

Iri söwda merkezleriniň arasynda birinji orna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi; ikinji orna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Gül zemin» söwda we dynç alyş merkezi; üçünji orna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenlomaýdaşarysöwda» birleşiginiň «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezi mynasyp boldular.

Garyşyk harytlary satýan marketleriň arasynda birinji orna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Altyn Zaman» söwda merkeziniň «Kämil» marketi; ikinji orna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Altyn Zaman» söwda merkeziniň «Terbaş» marketi; üçünji orna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Halk» marketi eýe boldy.

Ýöriteleşdirilen dükanlaryň arasynda birinji orna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Ak gaýa» söwda dükany; ikinji orna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenbakaleýa» DLBSF; üçünji orna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Bagtyýarlyk etrabynyň azyk söwda kärhanasyna degişli 16-njy dükany mynasyp bolmagy başardylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli guralan söwda toplumynyň sergisiniň jemleýji gününde bolup geçdi. Ýeňijiler Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de gymmatbahaly sowgatlary bilen sylaglandylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan myhmanlar we wekiller şeýle mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ogulsoltan IŞIMOWA, Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.