Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BÄSLEŞIKLER ÖŇDEBARYJYLARY SAÝLAR

Te­jen et­ra­by­nyň galla­çy­la­ry oba ho­ja­ly­gynda­ky jo­gap­kär­li orak möw­sü­mi­ne gu­ra­maçy­lyk­ly gi­riş­di­ler. Gal­la ora­gy­ny çalt we ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mek, oba ho­jaly­gyn­da­ky bu jo­gap­kär­li işiň dep­gi­ni­ni ýo­kar­landyr­mak, möw­sü­me gatna­şy­jy kom­baýn­çy­la­ry, aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri­ni we kä­ren­de­çi­le­ri hö­wes­lendir­mek mak­sa­dy bi­len, et­rap­da on­gün­lük zähmet bäs­le­şik­le­ri yg­lan edil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­lary­nyň et­rap bir­leş­me­si hem-de et­ra­byň beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­lary ta­ra­pyn­dan möw­sü­me gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän zäh­met bäsle­şik­le­ri öň­de­ba­ry­jy­la­ry saý­la­mak­da mö­hüm ähmi­ýe­te eýe­dir.

Et­ra­byň gal­la­çy­la­ry şan­ly ýy­ly­myz­da guş­gursak ak bug­da­ýyň bol hasy­ly ýe­tiş­dir­di­ler. Hä­zir­ki wagt­da gal­la meý­dan­laryn­da dä­ne ora­gy gyzga­laň­ly do­wam ed­ýär. Bu iş­de et­ra­byň Teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­lary­nyň dä­ne oru­jy kombaýn­la­ry­na erk ed­ýän me­ha­ni­za­tor­lar, ha­sy­ly ka­bul ediş no­kat­la­ry­na da­şa­ýan aw­tou­lag sü­rüji­leri yh­las bi­len gat­naşýar­lar. Öz­bo­luş­ly zäh­met bäs­le­şik­le­ri bol­sa, ola­ry has-da tu­tan­ýer­li we ruhu­be­lent iş­le­mä­ge iter­gi ber­ýär. Bäs­le­şi­giň jemi­ni her on gün­de jemläp, ýe­ňi­ji­le­ri iş üs­tün­de, şeý­le-de gys­ga wagt­lyk ara­kes­me­de meý­dan dü­şel­ge­le­rin­de gu­ral­ýan da­ba­ra­lar­da sy­lag­la­mak göz öňü­ne tu­tul­ýar.

 

Guldurdy ATABAÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.