Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

USSAT HALYÇYLARYŇ ARASYNDA

Bä­her­den çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­sy ýur­du­myz­da iri önüm­çi­lik­le­riň bi­ri­dir. Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ra­my­nyň öň­ýa­nyn­da­ky gün­ler­de bu kär­ha­na­nyň tä­ze, döw­re­bap bi­na­sy­nyň açy­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ol ýer­de zäh­met çek­ýän çe­per el­li ha­ly­çy­la­ryň dur­mu­şyn­da şat­lyk­ly wa­ka öw­rül­di. Şo­nuň bi­len bag­lany­şyk­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň baş­lan­gy­jy esa­syn­da ga­ze­ti­mi­ziň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry gür­rü­ňi edil­ýän kär­hana­nyň tä­ze bi­na­syn­da dö­re­di­len şert­ler we ýo­la goý­lan iş­ler bi­len ta­nyş­mak mak­sa­dyn­dan ugur alyp, ol ýer­de iş sa­pa­ryn­da bol­dy.

Kär­ha­na­nyň tä­ze bi­na­sy etrap mer­ke­zi­niň iň gö­zel künjek­le­ri­niň bi­rin­de gur­lup­dyr. Iki gat­ly bi­na­nyň bi­rin­ji ga­tyn­da önüm­çi­lik işi­ni alyp bar­ma­ga niýet­le­nen, giň meý­da­ny eýe­läp otu­ran önüm­ha­na ýo­ka­ry dere­je­li en­jam­lar bi­len do­ly üp­jün edi­lip­dir. Kär­ha­na bi­len ta­nyş­lygy­myz hem önüm­ha­na­dan başlan­dy. Bu ýer­de ge­lin-gyz­la­ryň 150-si­niň dö­re­di­ji­lik­li we ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi ug­run­da ajaýyp şert­ler­dir müm­kin­çi­lik­ler göz öňü­ne tu­tu­lyp­dyr.

Ha­ly­çy­la­ryň her bi­ri ol ýerde dö­re­di­len aja­ýyp şert­ler­den ruh­la­nyp, yh­las­ly zäh­met çekýär­ler. Olar şu gün­ler bu­ýurmalar esa­syn­da dür­li öl­çeg­däki ha­ly­la­ry, şeý­le-de sow­gat­lyk ha­ly önüm­le­ri­ni do­ka­ýan­dy­gyny gu­wanç bi­len gür­rüň berdi­ler. Hal­ky­my­zyň örän in­çe se­ne­di bo­lan ha­ly­çy­ly­gyň syrla­ry­ny bir­kem­siz ele alan, bäş bar­ma­gyn­dan dür dö­kül­ýän çeper el­li ha­ly­çy­lar bu ýer­de do­kalýan 276 ine­dördül metr­lik ne­pis ha­ly­nyň ini­niň 12 met­re, boýu­nyň 23 met­re ba­ra­bar­dy­gy­ny, mil­li göl­li nepis ha­ly­ny doka­ma­ga ha­ly­çy gyz-g e­l i n­l e­r i ň on­lar­ça­sy­nyň gat­naş­ýan­dy­gyny, şeý­le ha­ly­la­ryň baş­ga­da birnä­çe­si­niň do­kal­ýan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len aýt­dy­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deşler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri şeý­le şat­lyk­ly pur­sat­lar­da ha­ly­çy gelin-gyz­la­ryň ar­ma­sy­ny ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len tä­sir­li du­şu­şy­gy gu­ra­mak­la­ry olar­da öz­bo­luşly zäh­met joş­gu­ny­ny dö­ret­di. Iş üs­tün­dä­ki gu­ra­lan du­şu­şy­ga kär­ha­na­da köp ýyl­la­ryň do­wamyn­da zäh­met çe­kip, bu ýer­den hor­mat­ly dynç al­şa çy­kan us­sat ha­ly­çy­la­ryň gat­naş­ma­gy has-da gu­wan­dy­ry­jy bol­dy.

Ýe­ri ge­len­de, Bä­her­den etra­by­nyň türk­me­niň kö­pa­syrlyk ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň in­çe syr­la­ry­nyň hä­zir­ki gün­le­ri­mi­ze çen­li ge­lip ýet­me­gi­ne go­şant go­şan us­sat ha­ly­çy­la­ryň me­kany­dy­gy­ny bel­le­me­gi­miz ge­rek. Bu et­rap­da ha­ly do­ka­mak sunga­ty­nyň us­sat­la­ry­nyň en­çe­me maş­ga­la­la­ry ýa­şa­ýar. Şeý­le ussat ha­ly­çy­la­ryň uly to­pa­ry ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Bä­her­den çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­syn­da zäh­met çek­mek bi­len, bu ne­pis sun­ga­ty dün­ýä ýaý­mak, ga­dymy ha­ly­la­ryň aja­ýyp gör­nüş­leri­niň asyl nus­ga­la­ry­ny go­rap sak­la­mak we gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek ba­bat­da­ky ta­gal­la­la­ra sal­dam­ly go­şant goş­du­lar. Şeýle ha­ly­çy­la­ryň bi­ri-de bu et­ra­byň ýa­şaýjy­sy Gur­ban­gö­zel Aman­my­ra­do­wadyr. Ha­ly­pa ha­ly­çy öm­rü­niň 30 ýy­ly­ny gür­rü­ňi edil­ýän kärha­na­da zäh­met çekip, en­çe­me ne­pis ha­ly­la­ry do­ka­ma­ga gat­naş­dy, on­lar­ça şä­girt ýe­tiş­dir­di. Ussat ha­ly­çy­nyň Ginne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­byn­da gi­ri­zi­len äpet ha­ly­ny — «Al­tyn asyr» ha­ly­sy­ny do­kama­ga hem gat­na­şan­dy­gy­ny belle­mek ýa­kym­ly­dyr. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Bä­her­den çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­syn­da do­ka­lan bu ha­ly dün­ýä­de iň uly ne­pis ha­ly hökmün­de 2003-nji ýyl­da Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di.

«Ha­ly­pa — şä­girt­lik» ýö­relge­si­ne eýer­ýän mäh­rem ene, us­sat ha­ly­çy ol gün kär­hana­nyň tä­ze bi­na­syn­da iş üstün­de gu­ra­lan du­şu­şy­ga uly hö­wes bi­len gat­na­şyp, şä­girtle­ri­niň — ha­ly­çy ge­lin-gyz­laryň ar­ma­sy­ny ýe­tir­di. Bu gün­ki gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanlygynda ýur­du­myz­da ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ös­me­gi ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da buý­sanç bilen gür­rüň et­di. Onuň bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da paý­tag­tymyz­da­ky Türk­men ha­ly­sy­nyň Mil­li mu­ze­ýin­de sak­lan­ýan bu äpet ha­ly­nyň meý­da­ny 301 ine­dör­dül met­re, ag­ra­my bolsa, bir ýa­rym ton­na deň bo­lup, ol mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gymy­zyň şan­ly 10 ýyl­ly­gy my­nasy­bet­li do­kal­dy. Ony do­ka­maga ha­ly­çy ge­lin-gyz­la­ryň 40-sy gat­naş­dy.

Us­sat ha­ly­çy şeý­le aja­ýyp haly­ny do­ka­ma­ga gat­na­şan­dy­gy üçin özü­ni ju­da bagt­ly saý­ýandy­gy­ny aý­dyp, kär­ha­na­da zähmet çek­ýän ha­ly­çy ge­lin-gyz­la­ra dö­re­di­len aja­ýyp iş şert­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­la­nyp, ne­pis göl­li, aja­ýyp ha­ly­la­ry do­ka­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly gym­mat­ly masla­hat­la­ry­ny ber­di. Iş üs­tün­de bo­lan du­şu­şyk­da Türk­me­nis­tanyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň ut­gaşdy­ry­jy­sy Ak­gö­zel Ho­ja­ly­ýe­wa kär­ha­na­nyň tä­ze bi­na­sy­nyň açyl­ma­gy my­na­sy­bet­li ha­ly­çyla­ry gut­la­dy, ola­ra ene-ma­mala­ry­myz­dan mi­ras ga­lan ha­lyçy­lyk sun­ga­ty­ny do­wam et­mek bi­len, ga­dy­my ha­ly­la­ryň ne­pis gör­nüş­le­ri­niň asyl nus­ga­sy­ny di­kelt­mek ug­run­da­ky iş­ler­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di hem-de öň­de­ba­ry­jy ha­ly­çy ge­lin-gyz­lara Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat birleş­me­si­niň ýö­ri­te sow­gat­la­ry­ny gow­şur­dy.

Du­şu­şyk­dan soň­ra kär­ha­nanyň tä­ze bi­na­sy­nyň otag­la­ryn­da bo­lup, olar­da ha­ly­çy ge­lin-gyz­lar üçin dö­re­di­len zäh­met we dynç alyş şert­le­ri bi­len ta­nyş­mak hasda tä­sir­li bol­dy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.