Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KALPLARDA GALAN ÝAGŞY ÝATLAMA

Aş­ga­ba­dyň ýer gur­lu­şy­gy teh­ni­ku­mynyň ta­ly­by­dym. Şol dö­wür­de okuw jaý­la­ry­nyň ta­lyp­la­ry­ny pag­ta ýy­gy­myna kö­me­ge äki­der­di­ler. Pag­ta ýy­gymyn­dan soň bi­ze öýe gi­dip-gel­mek üçin bir­nä­çe gün rug­sat ber­erdi­ler.

Ba­ba­daý­han et­ra­by­nyň Ga­ra­wekil oba­sy et­rap mer­ke­zin­den uzag­rak bo­lan­soň ma­ňa Ka­ka et­ra­byn­da ýaşa­ýan jo­ra­la­rym er­ti­re çen­li öý­le­rin­de myh­man bol­ma­gy tek­lip et­di­ler. Er­tir bol­sa ot­la mün­di­rip goý­ber­jek­dik­le­ri­ni aýt­dy­lar. Men ra­zy­laş­dym. Biz Ka­ka et­ra­by­na ýo­lag­çy aw­to­bu­sy bi­len gitdik. Jo­ra­la­ry­myň iki­si­niň maş­ga­la­syda diý­seň myh­man­sö­ýer eken­ler. Olar aý­dyş­la­ry ýa­ly, er­te­si gün ir­den me­ni de­mir­ýol men­zi­lin­den ot­la mün­dü­rip goý­ber­di­ler. Mü­nen umu­my wa­go­nymyz köp adam­ly bo­lan­soň, men bir ge­lin bi­len ge­çel­gä­niň gy­ra­syn­da­ky otur­gyç­lar­da ýer­leş­dim. Onuň bi­len ta­nyş­lyk açyp, ot­ly­nyň aý­na­syn­dan töwe­re­gi syn­lap bar­ýar­dyk. Gap­dal­da­ky ýo­lag­çy­la­ra üns be­rip göz aý­la­dym. Iki er­kek ki­şi öz ýan­ýol­daş­la­ry bi­len bir ýer­den gel­ýä­ne ýa-da myh­man­çy­lyga bar­ýa­na meň­ze­ýär­di. Ýo­lag­çy­la­ryň ýe­ne bi­ri “Mol­la­ga­ra” şy­pa­ha­na­synda sag­ly­gy­ny be­jer­dip gel­ýän­di­gi­ni ýaň­zyt­dy. Beý­le­ki ýo­lag­çy or­ta boý­ly, çak bi­len ýa­şy al­tyn­jy on­lu­gyň için­dä­ki dol­muş adam diý­seň sy­pa­ýy hem-de örän me­de­ni­ýet­li gö­rün­ýär­di. Onuň ýanyn­da­ky aýa­ly­dyr 9-10 ýaş­la­ryn­da­ky gyz bol­sa ag­ty­gy­dyr di­ýip çak­la­dym.

Ot­ly ýol kül­ter­le­di­gi­çe ýo­lag­çy­la­ryň gür­rü­ňi gy­zyş­dy. Ulag Ta­kyr de­mirýol men­zi­lin­den ge­çen­den soň şol ýü­zi nu­ra­na sy­pa­ýy ýa­şu­ly:

— Men na­har­ha­na ba­ryp gel­jek. Ge­rek za­dy­ňyz bol­sa ge­ti­rip be­re­ýin. Gyz­lar, siz hem aýdyň, bel­ki ge­tir­me­li za­dy­ňyz bar­dyr — di­ýip, tö­we­re­gin­däki­le­re göz aý­la­dy. Ýa­şu­ly adam «gyzlar» di­ýip, ýüz­le­nen­soň, ga­ly­ber­sede Te­jen şä­he­rin­de aýal do­ga­ny­myň öýü­ne de­gip geç­jek­di­gim, onuň ça­gala­ry­na süý­ji-kö­ke alyp bar­ma­ly­dy­gym ýa­dy­ma düş­di. Men oý­la­nyp dur­man tor­bam­da­ky gap­jy­gy­my alyp, on­dan ýe­ter­lik pul çy­ka­ryp, onuň hem­me­sine ýö­ri­te gap­la­nan sow­gat­lyk süý­jikö­ke­den ge­ti­rip ber­me­gi ha­ýyş et­dim. Ýa­şu­ly uzak eg­len­män do­la­nyp gel­di. Süý­ji-kö­ke sal­nan gap­la­ry eli­me tutdur­dy. Men ýa­şu­la ýü­rek­den hoşallyk bil­dir­dim.

Ot­ly Te­jen de­mirýol men­zi­lin­de sak­lan­dy. Men ýol­da ýol­daş bo­lan­lar bi­len hoş­la­şyp, aý­ra­tyn hem ýa­şu­la ýe­ne-de bir ge­zek hoşallygymy bil­dirdim.

Aýal do­ga­ny­myň ýa­şa­ýan ýe­ri şähe­riň de­mir ýol men­zi­li­ne go­laý­dy. Açyk how­ly­nyň ga­py­syn­dan ät­län ba­dy­ma oý­nap ýö­ren ýe­gen­le­rim daşy­my gur­şap alyp, ge­le­ni­mi eje­le­ri­ne buş­la­dy­lar. Uýa­myň, onuň ça­ga­la­rynyň özü­mi gar­şy­la­ýyş­la­ry­na keý­pim gö­te­ril­di. Öýe gi­re­ni­miz­de özü­miň gys­sag­ly ge­len­di­gi­mi, wag­ty­myň azdy­gy­ny uýa­ma aý­dyp, oňa alyp goýma­gy ha­ýyş eden gül­li köý­nek­li­gi­miň pu­lu­ny ber­mek üçin ýan­tor­ba­my açdym. Gör­sem on­da gap­jy­gym ýok. Äh­li goş­la­ry­my gaý­ta-gaý­ta gö­rüp çyk­dym. Me­niň bu bol­şu­ma aýal doga­nym öz ýa­nyn­dan gy­na­nyp: «Jigim, men sa­ňa oba çen­li ýol har­jy­ny be­re­ýin, öý­dä­ki­ler hem sa­ňa köý­neklik pu­lu­ňy be­rer­ler» diý­di. Bu wa­kadan soň es­li wagt geç­di.

Me­ni okuw önüm­çi­lik tej­ri­be­si­ni geçmek üçin öz oba­my­za ug­rat­dy­lar. Bir gün gü­nor­tan aş­ha­na­da eje­me kö­mekle­şip dur­kam ga­ryn­da­şy­myz Gan­dym aga ga­py­dan gel­di. Ol sag­lyk-aman­lyk so­ra­şyp dur­şu­na: «Si­zi be­gen­di­re­ýin di­ýip gel­dim. Sa­da­byň ýi­ti­ren gap­jygy ta­py­lyp­dyr» di­ýip, eje­miň eli­ne bir ga­ze­ti tut­dur­dy. Te­jen et­ra­by­nyň şol wagt­ky «Oba dur­mu­şy» ga­ze­tin­de «Pul ýi­ti­ren ses­len­sin» at­ly söz­ba­şy bilen bil­di­riş ber­len eke­ni. Bil­di­ri­şi be­ren adam «Türk­me­nis­ta­nyň ýa­zy­jy­lar bir­leşi­gi­niň ja­ýy» di­ýip, iş sal­gy­ny be­rip­dir. Ol ýa­zy­jy An­na Paý­ty­kow eken.

Men wagt ýi­tir­män, şol gü­nüň erte­si og­lan ji­gi­mi ýa­ny­ma alyp, Aş­gaba­da ug­ra­dym. Ýa­zy­jy­lar bir­le­şi­gi­ne ge­lip, An­na aga­ny tap­dym. Ol asyl şol ot­lu­da gö­ren ýa­şu­lym eken. Ýazy­jy ýa­nyn­da­ky­la­ra: «Ine, me­niň şol diý­ýän te­jen­li gy­zym, ony ta­pa­ryn diý­dim, tap­dy­mam» diý­di. Otu­ran­laryň na­za­ry bi­ze gö­nük­di. An­na aga men­den ot­ly­nyň üs­tün­de ýa­ny­myz­da otu­ran ýo­lag­çy­la­ryň sal­gysy­ny so­rady. Ola­ryň sal­gy­ny be­rip, ara­syn­da­ky bo­lan gür­rüň­le­ri ýat­la­dym. Men Anna aga­dan na­har­ha­na gi­den­de oňa sar­gyt ede­ni­mi hem aýt­dym.

Ýa­zy­jy he­zil edip gül­di-de: «Gy­zym, şu aýdan­la­ryň ýe­ter­lik. Al gap­jy­gy­ňy, özü­ňe ne­sip et­sin! Için­de pe­tek­le­ri­ňe, şa­ýylyk­la­ry­ňa çen­li bar­dyr» di­ýip, gap­jy­gy eli­me tut­dur­dy. Men ot­lu­da An­na agadan sow­gat­lyk süý­ji-kö­ke sar­ga­nymda gap­jy­gy­my ýan­tor­ba­ma sal­man, gap­da­lym­da go­ýan bol­sam nät­jek?! Otu­ran­la­ryň bi­ri: “Ji­gim, ýi­ti­ren pu­luň nä­hi­li pul­dy?!” di­ýip gy­zyk­lan­dy. Men bu pu­luň al­ty aý­lyk ta­lyp ha­kym­dy­gyny, mu­nuň üs­te­si­ne hem pag­ta ýy­gymyn­dan ga­za­nan zäh­met ha­kym­dygy­ny aý­da­nym­da so­wal be­ren adam: «Tap­sa­na şo­nuň ýa­ly, bir za­dy. Ha­lal pul bol­ma­ly, ýog­sa se­niň pu­luň An­na aga­nyň eli­ne düş­mez­di» diý­di. Ýa­zy­jy An­na Paý­ty­gyň süý­ji ýat­lama öw­rü­len bu ýag­şy­ly­gy­ny buý­sanç bi­len ýat­la­ýa­ryn. Öz il­ha­lar eser­le­ri bi­len min­net­dar ne­sil­le­riň ha­ky­dasyn­da ýa­şap gel­ýän An­na Paý­ty­kow he­mi­şe ýat­lan­ma­ga my­na­syp ýa­zy­jyla­ryň bi­ri­dir.

 

Ogulsadap EMINOWA, Babadaýhan etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.