Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HOŞ GELDIŇ, TOMUS!

Bilşimiz ýaly, 2021-nji ýylyň tomus pasly bir hepde mundan ozal bosagadan ätledi. Tomus pasly bolsa, ozaly bilen, ýaş nesliň dynç alyş möwsümi bilen häsiýetlendirilýar. Hut şoňa görä hem tomus paslynyň dowam edýän günlerinde çagalaryň wagtyny gyzykly we tasirli geçirmekleri uçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigine her ädimde şaýat bolýarys.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerindaki ajaýyp sagaldyş dynç alyş merkezlerinde ýaş nesliň döwrebap derejede dynç almagyna ähli şertler döredilendir. Sebäbi Gökderedaki täsin künjekde we Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Emma diňe bir belli şypahana zolaklary däl-de, welaýatlarda bina edilen ajaýyp sagaldyş merkezleri hem şeýle mümkinçiliklere eýedir. Gökderedaki we Awazadaky merkezlerde, welaýatlardaky täze merkezlerde hem-de öňden hereket edip gelýän merkezlerde mekdep okuwçylary üçin tomusky dynç alyş möwsüminiň ýatdan çykmajak çärä öwrülmegi üçin ähli şertler döredildi.

Häzir bolsa ýurdumyzyň ähli çagalar sagaldyş merkezlerinde nobatdaky tomusky dynç alyş möwsümi badalga alýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de sport edaralary, jemgyýetçilik guramalary şu möwsümiň çäreleriniň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler, milli Liderimiz tarapyndan olaryň öňünde çagalara öz döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, gözýetimini giňeltmek, saglygyny berkitmek hem-de wagtyny şadyýan geçirmek üçin ähli şertleri döretmek barada wezipe goýuldy.

Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi bilen maşgala gymmatlyklarynyň hem-de sütünleriniň mizemezligini, çagalar barada içgin aladanyň we ünsüň nusgasyny görkezýär. Milli Liderimiziň çagalara ýüzlenip aýdýan sözleri bolsa hemişe nurana arzuwlara, belent buýsanja hem-de ýurdumyzyň bagtyýar geljegine berk ynama ýugrulandyr. Watanymyzyň geljegi bolsa häzirki ýaş nesilleriň ygtyýaryndadyr.

 

Merjen AÝMYRADOWA, Saýat etrabyndaky 14-nji «Ýalkym» çagalar bagynyň terbiýeçisi, KA-nyň llkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.