Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GYZGALAŇLY BARÝAR

Etrabymyzyň galla oragyna girişen gallaçylary “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda döwlet ähmiýetli bu işi gowşamaýan depginde dowam etdirýärler. Galla oragyna guramaçylykly girişip, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak işinde tehniki serişdeler, däne ýygýan kombaýnlar we awtoulaglar doly güýjünde işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň bugdaý hasylyny bökdençsiz kabul etmegi üçin ähli zerur çäreler görülýär.

TKA-nyň etrap birleşmesi tarapyndan şu jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin halal zähmetiň eýeleri bolan edermen babadaýhanlaryň, kombaýnçylaryň, däne daşaýan sürüjileriň arasynda zähmet bäsleşikleri guralyp, ýeňijiler höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanylar.

Oba zähmetkeşleriniň bereketli hasyl ýetişdirmekleri üçin hemaýat-goldawlary berýän, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Ýazjemal AMMATOWA. TKA-nyň Baýramaly etrap birleşmesiniň işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.