Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGDYN WE HOWPSUZ IŞ ŞERTLERINI DÖRETMEK UGRUNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman önümçilik binalarynda awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar arkaly işçiler üçin örän rahat, howpsuz we arassa iş şertleri üpjün edilýär, zähmet howpsuzlygyny ýokarlandyrmak işini guramagyň öňdebaryjy dünýä tejribeleri peýdalanylýar. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli geňeşi tarapyndan ýurt möçberinde geçirilýän «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly bäsleşik welaýatymyzda hem işjeň häsiýete eýe boldy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, edara-kärhanalarda tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň doly derejede berjaý edilişi, zähmeti goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişi seljerilip, hemmetaraplaýyn baha berildi. Netijede, «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenbaşy şäher galla önümlerini ýerleşdiriji bazasy bu ugurda göreldeli netijeler görkezen zähmet köpçüligi hökmünde, «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň «Bereketetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň tehniki howpsuzlyk boýunça I derejeli inženeri Täçnur Sopyýew göreldeli tehniki inžener-hünärmen hökmünde, Hazar şäheriniň jemagat hojalygy müdirliginiň meýdan süpürijisi Gurbanmämmet Nuralyýew önümçilikde has ýokary üstünlik gazanyp, zähmeti howpsuz alyp barýan işçi hökmünde ýeňiji boldular.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Täjigül Gur­banowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.