Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖŇDEBARYJYLARA BAÝRAKLAR GARAŞÝAR

Galla — mukaddes baýlyk, her bir maşgala ojagynyň berekedi, sahawatly topragymyzyň egsilmejek rysgal çeşmesi. Şoňa görä-de, bagtyýarlyga beslenen döwrümizde oba hojalygynyň gallaçylyk pudagyna aýratyn üns berilýär. Şeýle ünsüň netijesinde güneşli Diýarymyzyň janypkeş gallaçy kärendeçileri üstümizdäki şanly ýylda hem guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdiler hem-de häzirki günlerde däne oragyny gyzgalaňly alyp barýarlar.

Galla oragy jogapkärli möwsümdir. Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gallany ýokary hilli, çalt we ýitgisiz ýygnamak möwsümde esasy şertleriň biridir. Şeýle bolansoň, galla oragy möwsüminiň ýokary talaplara laýyklykda alnyp barylmagy ugrundaky asylly işe jemgyýetçilik guramalary hem saldamly goşant goşýarlar. Bu ugurda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan yglan edilen zähmet bäsleşiginiň ähmiýeti uludyr. Ongünlük zähmet bäsleşiginiň welaýatymyzda galla oragyna dabaraly ýagdaýda badalga berlen gününden yglan edilmegi möwsüme gatnaşýanlarda zähmet joşgunyny döretdi.

Zähmet bäsleşiginiň esasy maksady öňdebaryjy gallaçylary — däne orujy kombaýnlara erk edýän mehanizatorlary, hasyly daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjilerini, meýdan düşelgelerini gurnaýjylary ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybaratdyr. Bäsleşigiň jemini her on günden jemlemek we şol döwürde ýokary görkezijilere eýe bolan zähmetkeşleri ýüze çykarmak maksat edinilýär. Ýeňijileri iş üstünde, şeýle-de gysga wagtlyk arakesmelerde meýdan düşelgelerinde guralýan medeni çäreleriň barşynda sylaglamak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmeleri tarapyndan tapawutlanan gallaçy kärendeçiler hem höweslendiriler. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan dabaralandyryljak ýylynda ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýyň gysga wagtda, ýitgisiz ýygnalmagyna we ammarlara daşalmagyna itergi berer.

 

Akgözel HOJALYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.