Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝURDUMYZDA ÝANGYN HOWPSUZLYGY KADALARYNY BERJAÝ ETMEK BOÝUNÇA TOPLUMLAÝYN ÇÄRELERIŇ MEÝILNAMASY ESASYNDA WAGYZ-NESIHAT EDIJI OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Içeri Işler ministrligi bilen bilelikde gurnamagynda ýurdumyzda ýangyn howpsuzlygy kadalaryny berjaý etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň meýilnamasy esasynda wagyz-nesihat ediji okuw maslahaty geçirildi.

123

Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň orunbasary Sapar Ataberdiýew alyp baryp, onda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň jogapkär işgäri Toýly Abdullaýew,  Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 6-njy bölüminiň uly gözegçisi Meýlismyrat Orazmyradow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hojalyk bölüminiň müdiri Orazberdi Sytdyhow dagy edara-kärhanalarda, önümçilikde ýangyn howpsuzlygynyň we tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berjaý edilişi, işgärler üçin howpsuz zähmet şertleriniň iş berijiler tarapyndan ýola goýluşy, işgärleriň öz iş ýerlerinde elektrik enjamlarynyň ulanyş düzgünlerini, iş tamamlanandan soň elektrik enjamlarynyň öçürilmelidigi hem-de ýangyn howpsuzlygynyň we tehniki howpsuzlygynyň düzgünleriniň talaplaryny doly berjaý edilmegi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.