Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GYZ EDEBI — UZ EDEBI

Şeýle at bilen Tejen etrap häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler, geňeşlikleriň arçynlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de mährem eneler gatnaşdy.

Duşuşykda etrap häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň başlygy Gülşirin Gandymowa, etrabyň Garaşsyzlyk oba geňeşliginiň ýaşaýjysy, mährem ene Göwher Aşyrberdiýewa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Amangül Hümmedowa dagy çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ösüp-özgerýän Watanymyzyň bu gün dünýäniň çalt ösýän ýurtlarynyň hataryna goşulandygy, döwlet Baştutanymyzyň her bir raýatyň bähbidine gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda Diýarymyzda beýik işleriň amala aşyrylýandygy, bu işleriň zenanlaryň durmuşynda hem aýdyň şöhlelenýändigi barada aýratyn durup geçdiler. Bellenilişi ýaly, zenanlar milli däp-dessurlarymyzy aýap saklamakda, milli medeniýetimizi ösdürmekde, nesilleri terbiýelemekde uly güýç bolup durýar. Ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryny saklamakda, maşgala agzybirligini berkitmekde zenanlara uly orun degişlidir.

Duşuşyga gatnaşyjylar zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna aýratyn ähmiýet berip, sarpasyny belende göterýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Ogulbagt AÝNAZAROWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň hünärmeni, Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.