Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

IŞIŇ ÝOKARY DEPGINI

Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabrigi häzirki bazar gatnaşyklary şertlerinde ykdysady ýörelgeleri we innowasion tehnologiýalary netijeli peýdalanmak arkaly dokma önümçiliginde ýokary ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji gurlan pagta egriji kärhanalaryň biri bolan bu fabrik tehnologik taýdan doly täzelenildi, onuň ähli önümçilik ulgamlaryna pagta egriji enjamlaryň kämil nusgalary ornaşdyryldy. Munuň özi ahyrky netijeleriň ýokarlanmagyna getirdi.

 Fabrik boýunça «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başyndan bäri dürli ölçegdäki nah ýüplügiň 600 tonna golaýy öndürilip, içerki hem daşarky bazarlara ugradyldy. Egriji enjamlaryň sazlaşykly we bökdençsiz işledilmegi bilen, kärhanada önümçiligiň ähli ugurlary boýunça şu wagta çenli 6,5 million manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 129,7 göterim ösüş depgini gazanyldy. Bu ýerde nah ýüplükler bilen bir hatarda, dokma materiallaryndan alynýan pamygyň önümçiligi hem ýola goýuldy. Şu ýylyň başyndan bäri mebel pamyk önümleriniň 300 tonnadan gowragy öndürilip, 182,9 göterim ösüş üpjün edildi.

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarydyr taýsyz goldawlary bilen giň­den ýaýbaň­landyrylan uly möçberli özgertmeleriň ruhy güýji bu kärhananyň işiniň ähli ugurlarynda aýratyn duýulýar: önümçilik ulgamlarynyň ozal hyýala-da gelmedik iň kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy, öndürijilikli zähmet çekmek, iş arasynda dynç almak üçin iň amatly şertleriň döredilmegi işçi-hünärmenleriň has netijeli işlemegine, ylaýta-da, ösen döwletleriň derejesinde ýokary hilli önüm öndürilmegine täze mümkinçilikleri açýar. Sahawatly türkmen topragynda öndürilýän «ak altynyň» gaýtadan işlenmegi bilen taýýarlanýan pagta süýüminiň ýüplügi mata we mata önümleriniň önümçiliginde iň gymmatly çig mal hasaplanýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly bu önümler özüniň ýokary hili hem-de halkara ül­ňülere laýyklygy bilen, tutuş dünýäde bäsdeşlige ukyplydyr. Innowasion tehnologiýalara daýanylmagy, ýokary öndürijilikli enjamlardan ygtybarly peýdalanylmagy arkaly halkara hil ölçegleriniň talaplaryna laýyk gelýän önümleriň öndürilmegi indi 30 ýyla golaý wagt bäri netijeli işläp gelýän fabrigiň ynamly ösüşlerini üpjün edýän esasy şertlerdir.

— Kärhanamyzyň işçi-hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp garşy almak ugrunda ýokary işjeň­lik bilen zähmet çekýärler — diýip, fabrigiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Akjagül Gazakowa gürrüň berýär. — Şu ýylyň geçen döwründe kärhana hemme ugurlarda guwandyryjy netijeler gazanyp, ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň welaýatyň çäginde hereket edýän kärhanalarynyň arasynda iň öň­däki orny eýelemegi başardy. Gazanylan üstünlikde pagta egrijilerimiziň, tehniki işgärlerimiziň saldamly goşantlary bar. Fabrigiň döredilen gününden bäri hereket edýän kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy işgärleriň iş hem durmuş şertleri dogrusynda aladalanýar. Guramamyz tarapyndan önümçiligiň has ilerlemegi üçin dürli medeni-köpçülik çäreleri, guramaçylyk işleri yzygiderli geçirilýär, önümçiligiň öň­debaryjylary höweslendirilýär.

Hil esasy görkezijileriň biri hasaplanýar. Iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan barlaghana bölümi önümçilik ugurlarynyň ählisiniň önümleriniň hiline gözegçilik edýän merkez bolup durýar. Barlag-ölçeg enjamlary sap arassa ýüplügiň hilini kesgitleýär. Her günde ep-esli mukdardaky önümleriň gözegçilikden geçirilmegi, onuň hili barada degişli maglumatlaryň jemlenmegi sanly tehnologiýalar arkaly göz açyp-ýumasy salymda amal edilýär. Nah ýüplügi­ň ýörite hil görkezijisine laýyklygy kesgitlenenden soň­ra, ol taýýar önümler ammaryna goýberilýär.

— Fabrigiň önümçilik ulgamlarynyň ählisi kompýuterler arkaly dolandyrylýar — diýip, kärhananyň operatory Rahym Kakabaýew aýdýar. — Di­ňe şu bölümiň pagta süýümini ýumşadýan we tüýdýän iki ugrunda dürli önümçilik tilsimlerini amal edýän enjamlaryň birnäçesi doly güýjünde işledilýär. Şu ýerde fabrigi­ň öň­debaryjy işçileriniň adyny guwanç bilen agzasym gelýär. Şabibi Jemparowa, Enegül Ilmyradowa, Jeren Sapargylyjowa asylly zähmetleri bilen hemmelere görelde bolýarlar. Fabrikde işleýän ýaşlar häzirki ösen döwrümiziň tehnologiýalaryna başarjaň­lyk bilen erk edýärler, hünär ussatlyklaryny görkezýärler. Nurana döwrümizi yhlasly zähmetimiz bilen beýgeltmäge uly mümkinçilik döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, amala aşyrýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Amanmyrat SAPAROW. «Türkmenistan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.