Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«DÜRDÄNEDÄKI» ŞOWHUNLY ÇÄRELER

Diýarymyzyň ähli künjegindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan hem peýdaly geçirmekleri üçin şu günler döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary we beýleki medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Olarda esasy maksat çagalaryň ukyp-başarnygyny açmak we aýratyn zehinli çagalary ýüze çykarmak bolup durýar.

Şeýle medeni çäreler we sport ýaryşlary Serdar şäherindäki «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem yzygiderli geçirilýär. Zehinli çagalaryň çykyşlaryny synlanyňda tomus paslynyň şowhuna beslenýän günleriniň olara şatlyk eçilýändigine göz ýetirýärsiň.

Merkezde dynç alýan çagalar ýaş aýratynlygy na laýyk lykda, ýedi topara bölündiler we olar «Watan», «Zaman», «Şadyýan», «Bagtyýarlyk», «Ber kararlyk», «Oguz han», «Türgenler» diýlip atlandyrylýar. Ýakynda guralan şowhunly çärä bu toparlaryň ählisi gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara, çeper okaýyşlara we türkmen milli tanslaryna aýratyn orun berildi. Çagalaryň öz çykyşlaryny uly hyjuw bilen ýerine ýetirişleri olaryň çaga kalplarynda eşretli döwrümize, ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza söýgi-buýsanjyň egsilmezdigini görkezdi.

Bu medeni çäre bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Serdar şäher we etrap geňeşleriniň, şäher we etrap bilim bölümleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher we etrap birleşmeleriniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher we etrap komitetleriniň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Magtymguly etrap bölüminiň bilelikde guramaklarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, el işlerini ýerine ýetirmek we surat çekmek boýunça bäsleşikler guralyp, olaram gyzykly häsiýete eýe boldy.

Ýaryşlarda, bäsleşiklerde ýeňiji bolanlar jemgyýetçilik guramalarynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

 

Süleýman Han­gel­diýew.

Surata düşüren Azatgeldi Gurt­gel­diýew.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.