Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DEMOKRATIK ÝÖRELGELER ESASYNDA

Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň düýpli özgertmelere giň ýol açýan döredijilikli syýasaty türkmen jemgyýetiniň ähli ugurlaryny kämilleşdirmek boýunça belent wezipeleri öňde goýýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, pähim-parasatly baştutanlygynda ajaýyp geljege ynamly gadam goýulýar. Şeýle hem döwletimiziň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek we ýurdumyzda amala aşyrylýan halk bähbitli özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmek üçin döwlet Baştutanymyz tarapyndan syýasy çäreler kanuna laýyklykda we guramaçylykly geçirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy dabaraly bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda wajyp ähmiýetli syýasy çäreleriň hatarynda welaýat, Aşgabat şäher hem-de etrap, şäher saýlaw toparlaryny täzeden döretmek we düzümini tassyklamak boýunça işler geçirilýär. 2016-njy ýylda döredilen saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanandygy sebäpli, bu çäre Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň meýilnamasy esasynda iýun-iýul aýlarynda geçirilýär.

Saýlawlary ýokary derejede guramakda we geçirmekde, raýatlaryň maglumat üpjünçiliginde saýlaw toparlarynyň agzalarynyň işi hem aýratyn jogapkärçiliklidir. Çünki olaryň sazlaşykly işi möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräniň — saýlawlaryň üstünlikli geçirilmeginiň baş şerti bolup durýar.

Şu günler Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat şäher hemde etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we raýatlar toparlarynyň mejlisleri, ýygnaklary guramaçylykly geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasynda bellenen hukuklaryna laýyklykda, TKA-nyň welaýat birleşmesi bu uly ähmiýetli syýasy çärä ýakyndan gatnaşýar, saýlaw toparynyň düzümine hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyna we saýlawlar hakyndaky kanunçylyga düşünýän, guramaçy, tejribeli, il içinde abraýly wekillerini hödürleýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň: «Jemgyýetçilik guramalary biziň jemgyýetimizde üstünliklere ruhlandyryjy we jebislendiriji güýç bolup durýar» diýip, uly ynam bildirmegi ähli işjeň agzalarymyzyň başyny gök diredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetimizde demokratik gymmatlyklaryň ýaýbaňlanmagy ugrunda edýän uly tagallalary üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

 

Aşyrdurdy ALLAÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.