Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZÄHMET KANUNÇYLYGY DÜŞÜNDIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň mejlisler eýwanynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat prokuraturasynyň we welaýat kazyýetiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde raýatlaryň zähmeti goraglydyr» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna bank ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Onda, ilki bilen, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Begenç Rejepow çykyş edip, zähmet kanunçylygynyň kadalary, onda görkezilen talaplar, zähmet şertnamalarynyň görnüşleri we olary baglaşmagyň düzgünleri dogrusynda giňişleýin düşündiriş berdi. Duşuşygyň dowamynda welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist Bilbil Saparowa, welaýat kazyýetiniň wekili Daýanç Saparow, welaýat Adalat bölüminiň baş maslahatçysy DöwletmyratAmanow, döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa dagy berkarar Watanymyzda halkyň bähbidine gönükdirilen beýik işler, milli kanunçylygymyzyň ýörelgelerinden gözbaş alýan hukuk namalarynyň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Welaýatymyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärleriň zähmet kanunçylygyndan habarlylygyny ýokarlandyrmak, iş üpjünçiligi baradaky kada-kanunlaryň hem-de zähmet kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmegiň möhümdigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda adam, onuň bagtyýar durmuşy hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň wajyp ugry hökmünde durmuşa geçirilýändigi, onuň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň esasynda amala aşyrylýan işlerde doly açylyp görkezilýändigi aýratyn bellenildi. Gün tertibindäki meseleler boýunça sowal-jogap alşyldy.

 

Şekerjan AHMEDOWA, «Daşoguz habarlary».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.