Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MASLAHAT GEÇIRILDI

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň TKA-nyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň binasynyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli, «Medeniýet halkyň kalbydyr» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.

Welaýat merkezinde ýerleşýän Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda gurlan ajaýyp binalaryň biri bolup, 10 ýyl mundan öň, ýagny 2011-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly açylyp ulanylmaga berildi.

Häzirki döwürde muzeýde alnyp barylýan işler adamlarda gaznadaky muzeý gymmatlyklary bilen tanyşmaga höwesi, geçmiş mirasymyza hormat-sarpany artdyrmaga, türkmen halkynyň baý medeni we ruhy mirasyny dünýä ýaýmak maksadynda dünýäniň muzeýleri bilen bellenilen tertipde aragatnaşygy ýola goýmaga gönükdirilendir.

Şanly senelere bagyşlanan maslahatda, ilki bilen, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Aşyrdurdy Allaýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň milli däplerimizi dikeltmäge, aýawly saklamaga, olary wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýändigi dogrusynda täsirli gürrüň etdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly milli medeniýetimiziň gülläp ösüşine şan goşjak wakalara beslenýär. Bu ajaýyp ýylda ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy uludan toýlanylyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýär. Şular barada welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň directory Allanazar Garajanow, muzeýiň bölüm müdiri, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Ogulbibi Ataýewa, hünärmeni Laçyn Nurmedowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklaýyn utgaşdyryjysy Haltäç Bäşimowa dagynyň çykyşlarynda aýratyn bellenildi. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Dabaranyň ahyrynda welaýatymyzyň ajaýyp keşbine görk goşýan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ulanylmaga berilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli, öňdebaryjy muzeý işgärlerine TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Gunça ARTYKOWA, «Daşoguz habarlary».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.