Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAPALY GÜNLERIŇ GUJAGYNDA

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi ruhubelentlige, şatlyk-şagalaňa beslenip dowam edýär. Häzirki günlerde ata Watanymyzyň dürli künjeginde gurlan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaşlaryň müňlerçesi dynç alyp, wagtyny şadyýan geçirýär. Welaýatymyzda hem bagtyýar ýaşlar Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň gujagyna doldular. Merkezde häzirki wagtda welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinden gelen çagalaryň 150-si dynç alýar. Biz hem döredijilik toparymyz bilen merkezde myhmançylykda bolup, çagalaryň wagtlaryny şatlykly geçirmekleri üçin döredilen şertler bilen ýakyndan tanyş bolduk.

Merkezde ir säherden başlanýan maşklar, Saglyk ýoly boýunça ýörişler çagalaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyryp, göwünlere egsilmez şatlyk paýlaýar. Bu ýerde hereket edýän sport, aýdym-saz, tans, surat çekmek, küşt-şaşka, çeper döredijilik, kompýuter, daşary ýurt dillerini öwretmek ýaly gurnaklar çagalaryň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagyna ýardam edýär. Gyzykly ertekili kitaplary okamak, eserler boýunça sowal-jogap alyşmak bolsa çagalaryň bilimini artdyrýar. Ýaşlaryň gatnaşmaklarynda şäherimiziň Baş baýdak meýdançasyna, seýilgählere, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelençler olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Golaýda merkezde «Biz zehinlileri gözleýäris» ady bilen aýdym-saz, drama, çeper okaýyş, folklor, tans sungatyny görkezmek boýunça toparara bäsleşik guraldy. Zehinli okuwçylar sekiz topara bölünip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Tomusky dynç alyş möwsüminde bu merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda dürli medeni-köpçülikleýin we bedenterbiýe-sport çärelerini guramakda jemgyýetçilik guramalary yzygiderli aladalanýarlar. Türkmenistanyň ylymbilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň guramagynda geçirilen «Ýaş nesil biziň geljegimiz» atly sportuň dürli görnüşleri, surat çekmek, el işlerini taýýarlamak ýaly bäsleşikler diýseň çekeleşikli geçdi. Okuwçylaryň çeken suratlarynda tebigatymyzyň gözelligi çeper wasp edilýär. Okuwçy gyzlaryň taýýarlan el işlerinde bolsa milliligimiz şöhlelendi. Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bagtly çagalygyň, ýaşlaryň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan ýurdudyr. Bagtyýar çagalar özleri üçin şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edýärler.

 

Eneş JORAÝEWA, ýörite habarçymyz.

Surata düşüren Merdan ORAZOW.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.