Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ORAK MÖWSÜMINIŇ ÜSTÜNLIKLERI

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň rysgal-döwletli galla hasyly çalt depginde ýygnalýar. Bu möhüm işiň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny Garagum etrabynda hem aýdyň görmek bolýar.

Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda wagtynda doly gözden geçirilen 57 kombaýn gije-gündiz guramaçylykly işledilýär. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren ýokary iş öndürijilikli tehnikasy bilen her günde 700 gektardan gowrak ýeriň galla hasyly isripsiz ýygylýar. Kuwwatly kombaýnlara başarjaňlyk bilen erk edýän Tirkiş Berdiýew, Kakageldi Babaýew, Akmuhammet Annageldiýew ýaly sürüjiler iş çalşygynda arman-ýadaman zähmet çekýärler. Hojalyklaryň gallaly meýdanlaryndan ýygylýan ählihalk baýlygy kabul ediş bölümlerine isripsiz daşalýar. Bu babatda awtoulaglaryň hyzmaty uludyr. “Berekellasy” ýetirilýän galla oragyna gatnaşýarlar wagtyň her sagadyndan netijeli peýdalanýanlar hem-de abraý gazanýarlar. Etrabyň “Ýagtyýoluň daýhanlary” atly daýhan hojalygynda bolanymyzda, döwrebap kombaýnlaryň öndürijilikli hereketinden bereketli baýlygyň ýygnalýandygyna göz ýetirdik. Göwnejaý ideg edilen bugdaýly meýdanyň gallasy uzak wagt geçmänkä awtoulagyň nowasyny doldurýar. Kärendeçi Ahmet Bäşimowyň dört gektar ýeriniň bugdaýy kombaýnlaryň bökdençsiz hereketi bilen isripsiz ýygyldy.

Onuň Watan harmanyna tabşyran gallasy 16 tonnadan hem köp boldy. Ýer eýesiniň, onuň maşgala agzalarynyň ruhlary belent. Olar bu ýeri boş goýman gant şugundyryny ekmäge taýýarlajakdyklaryny buýsanç bilen aýtdylar. Elbetde, üçünji bölümiň kärendeçisi Ahmet Bäşimow ýaly ýer eýeleriniň bu hojalykda az däldigi buýsandyryjydyr. Bu ýerde etrabyň medeniýet bölüminiň aýdym-saz we tans toparlary arakesme wagtynda gallaçylaryň armasyny ýetirdiler. Aýdylan aýdymlar, ýerine ýetirilen tanslar hemmeleriň kalbyna şatlyk paýlady. TKA-nyň etrap birleşmesi tarapyndan galla oragyna gatnaşýanlaryň ençemesine sowgatlar gowşuryldy. Adamlaryň möwsümiň işine bolan höwesleri artdyryldy.

 

Öwezmyrat POLLYÝEW.

SURATLARDA: galla oragyndan we medeni hyzmatlardan pursatlar.

Suratlary düşüren Döwlet MUHAMOW.

 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.