Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALKYMYZYŇ RUHY BAÝLYGY

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň şanyna guralýan baýramçylyk çäreleri uly ruhubelentlige beslenýär. Bu goşa baýramçylyk biziň welaýatymyzda hem dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli zehinli medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary-da örän täsirli bolýar. Çykyşlarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen bagly asyrlar aşyp gelen dürli rowaýatlardyr nakyllaryň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýetiniň örän uludygy dogrusynda giňişleýin söhbet edilýär. Halkymyzyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmekde döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri buýsançly ýaňlanýar.

Milli medeni gymmatlyklarymyz her bir türkmen üçin mertebe hem buýsanç çeşmesidir. Türkmen tebigaty ynsanyň gönezligidir, medeniýetimiziň, sungatymyzyň kämillik gözbaşydyr. Örküni türkmen tebigatyndan, görküni milletimiziň döredijilik ylhamyndan alan milli medeniýetimiziň taryhy halkymyzyň taryhy ýaly juda gadymydyr, şöhratlydyr, çuňňur mazmunlydyr. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda iki million ýyla golaý mundan ozal türkmen ülkesinde ilkidurmuş ýaşaýjysynyň peýda bolandygy, şol döwürlerde ynsanyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň dilini tapandygy bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen geçirilýän medeniýet hepdelikleriniň, medeniýet günleriniň we beýleki medeni çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Bu medeni çäreler milli medeniýetimiziň döwrebap ösdürilmeginde, onuň üsti bilen dost-doganlygy, parahatçylyk söýüjiligi, ynsanperwerligi dünýäde wagyz etmekde uly orun degişlidir. Medeniýet hepdelikleri dörediji ýaşlaryň kämillik mekdebi bolup, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ösmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

Ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Gurbanmuhammet BABAÝEW. TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.