Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ROWAÇ ERTIRIMIZIŇ ŞUGLASY

Bagtyýarlyk zamanamyzda Gahryman Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk, özara peýdaly-ykdysady hyzmatdaşlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar. Bu syýasat sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagy, döwletara gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmegi nazarlaýar. Üstümizdäki ýylda şu ýörelgeler aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Muňa mysal edip, milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilendigini ýatlamak ýakymlydyr.

Şu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagam ýokarda ýatlanymyz bilen sazlaşykly utgaşýandygyny äşgär edýär. Şanly ýylymyzyň guwançly wakalary bolan Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň barha golaýlaýan dabarasy il-günümizde buýsanç duýgusyny döredýär. Şonuň üçinem türkmen halky has tutanýerli zähmet çekip, Garaşsyz Watanymyzyň dabarasynyň dag aşmagyna mynasyp goşandyny goşmagy maksat edinýär.

 

Myrat AKMÄMMEDOW. “Marygazüpjünçilik” müdirliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.