Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

NESILLERIŇ ALADASY

Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty ýaş raýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny, döw­let ke­pil­lik­le­ri­ni üp­jün et­mä­ge we ola­ry gol­da­ma­ga, şeý­le hem ýaş­la­ryň jem­gy­ýet­de öz­le­ri­ni do­ly yk­rar et­mek­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len dur­muş-yk­dy­sa­dy hem-de hu­kuk çä­re­le­ri­niň ul­ga­my bo­lup dur­ýar

Me­de­ni­ýet, ylym, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ne­bit­gaz, oba ho­ja­ly­gy, se­na­gat ul­gam­la­ryn­da zäh­met çek­ýän, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da gul­luk ed­ýän ýaş­la­ryň ze­hin­le­ri, ba­şar­nyk­la­ry, hü­när­le­ri we baş­lan­gyç­la­ry, iş­jeň­li­gi, jem­gy­ýe­te ze­rur hü­när­le­ri öz­leş­dir­mä­ge bo­lan ru­hy we mad­dy is­leg­le­ri hö­wes­len­di­ril­ýär.

Bu ugur­da Türk­me­nis­ta­nyň ýaş ra­ýat­la­ry­nyň sy­ýa­sy hukuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek, ola­ryň döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we me­de­ni dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­mak­la­ry­ny, şeý­le hem olar­da be­lent ru­hy-ah­lak ýö­relge­le­ri­ni eme­le ge­tir­mek, ösüp gel­ýän ýaş nes­li wa­tan­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik hem-de zäh­met­sö­ýer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­lemek mak­sa­dy bi­len, 2013-nji ýy­lyň 29-njy aw­gus­tyn­da VIII bap­dan we 56 mad­da­dan yba­rat bo­lan «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň ka­bul edilme­gi, ýurt­da ýaş­la­ryň döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ma­gy­na uly iter­gi ber­di. Şeý­le hem 2014-nji ýy­lyň 3-nji ma­ýyn­da «Ça­ganyň hu­kuk­la­ry­nyň döw­let ke­pil­lik­le­ri ha­kyn­da» Türk­me­nis­tanyň Ka­nu­ny ka­bul edil­di. Bu Ka­nun IV bap­dan we 49 mad­dadan yba­rat­dyr.

«Ça­ga­nyň hu­kuk­la­ry­nyň döw­let ke­pil­lik­le­ri ha­kyn­da» Türkme­nis­ta­nyň Ka­nu­ny Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na esaslan­ýar hem-de ady ag­za­lan Ka­nun­dan we Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ryn­dan yba­rat­dyr. Mundan baş­ga-da, şol Ka­nu­nyň «Ça­ga­nyň hu­kuk­la­ry­nyň döw­let ke­pil­lik­le­ri» at­ly 8-nji mad­da­sy­nyň 1 — 3-nji bö­lek­le­ri­ne, «Çaga­nyň bi­li­me bo­lan hu­ku­gy» at­ly 18-nji mad­da­sy­nyň 1 — 3-nji bö­lek­le­ri­ne Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na, ady ag­za­lan Ka­nu­na, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hukuk na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, her bir ça­ga döw­let ta­ra­pyn­dan hu­kuk­lar we azat­lyk­lar be­ril­ýär hem-de ke­pil­len­di­ril­ýär.

Ýaş ne­sil ba­ra­da uly ta­gal­la­lar ed­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ziň ja­ny sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lykla­ra bes­len­sin!

 

Baýram GURTMYRADOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.