Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAÝ EDEBI MIRASLY ŞAHYR

Türkmen halkynyň beýik danasy, şygryýet äleminiň şamçyragy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy ynsan kalbyny heýjana getirýän, durmuş ýoluna Gün kibi şugla saçýan ajaýyp goşgulary bilen dünýä meşhurdyr. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary döredijiligiň belent nusgasydyr.

Akyldaryň il-günümize miras galdyran şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde Magtymgulynyň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň döredijiligi halk köpçüligine ýetirilýär. Aýratyn hem, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk. ruhy-ahlak we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde şahyryň goşgularynyň ähmiýeti örän uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda agzybirlik, Watan mukaddesligi, dost-doganlyk gatnaşyklary, adalatlylyk, päk ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk, kişini ynjytmazlyk, edeplilik, sahylyk. mertlik, söýgi, maşgala wepalylyk ýaly meseleler giňden beýan edilýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmeniň ruhy binýadynyň sarsmazlygyny kepillendirýän gudratdyr. Hut şeýle ruhy binýadyň gudraty bilen hem türkmen öz durkuny ýitirmän, Hydyr gören mähriban topragyny Garaşsyz, baky Bitarap topraga öwrüpdi. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem. dünýä edebiýatynyň ösmegine-de bimöçber goşant goşan akyldardyr.

Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky hemişe beýik akyldara we onuň baý edebi mirasyna uly sarpa goýupdyr, hormatlapdyr. «TÜRKSOÝ» halkara guramasy tarapyndan 2014-nji ýylyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi şahyryň şygyrlarynyň halkyň hakydasynda hemişelik orun alandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Üstümizdäki ýylyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenabat şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde gündogaryň beýik şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly baýram etmek bilen bagly meselä ünsi çekmegi beýik şahyryň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça işlere täze badalga berdi.

 

Zalina BABAMURADOWA, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Farap etrap geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.