Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

FUTBOL TÄZELIKLERI

2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň netijesinde «H» toparçada üçünji orny eýelän milli ýygyndymyz 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyryna gatnaşar. Saýlama duşuşyklarynyň şu ýylyň 11-nji noýabry bilen 2022-nji ýylyň 14-nji iýuny aralygynda geçirilmegine garaşylýar. Şu ýylyň 24-nji iýunynda geçiriljek bije çekişlik dabarasynda ýygyndy toparymyzyň çykyş etjek toparçasy belli bolar. Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama duşuşyklarynyň ikinji tapgyryndaky sekiz toparçanyň ýeňijisi we ikinji orny eýelänleriň iň gowy dördüsi häzirki wagtdan Aziýanyň Kubogynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik aldylar. Galan 12 ýollanma üçin toparçalarda ikinji orny eýeläp, ýöne ähli ikinjileriň arasynda pes netije görkezen dört ýygyndy bilen birlikde ähli toparçalarda üçünji orny eýelän we ähli toparçalarda dördünji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy dördüsi bäsleşer. Üçünji saýlama tapgyrda 6 toparça emele geler. Her toparçada birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylara yklym ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik dörär.

* * *

Milli ýygyndylaryň duşuşyklaryny geçirýändigi bilen bagly arakesmä çykan Gazagystanyň futbol çempionatynyň oýunlary ýaýbaňlandyrylyp, ildeşlerimiz Ruslan Mingazow bilen Wahyt Orazsähedowyň toparlary «Kaspidir» «Turan» netijeli çykyşlaryny dowam edýärler. R.Mingazowyň çykyş edýän «Kaspiý» topary ýerli çempionatda geçirilen 15 tapgyrdan soň 23 utuk toplap, 4-nji orny eýeleýär. Milli ýygyndymyzyň hüjümçisi W.Orazsähedowyň «Turany» bolsa 16 utuk toplap, 11-nji orunda ornaşmagy başardy.

 

Azat OMADOW, sport synçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.