Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZÄHMET JOŞÝAR MEÝDANLARDA

Hormatly Prezidentimiziň möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatlarynda oba zähmetkeşleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň hal-ýagdaýy, öý-içerileri, iş we durmuş şertleri bilen gyzyklanmagy oba adamlarynyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Olar işlemäge döredip berýän ähli şertleridir mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda bugdaý hasylyny ýygnamakda zähmet çekýän adamlar bilen duşuşyp, olaryň armasyny bermek, hal-ýagdaýy bilen tanyşmak barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiniň Mejlisiniň Başlygyndan, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi ge­ňeşiniň başlygyndan, Agrar partiýanyň Merkezi ge­ňeşiniň başlygyndan ybarat topar ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda boldy.

8-9-njy iýunda Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Murgap etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň, Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Ýolöten ylmy-önümçilik synag hojalygynyň, Türkmengala etrabynyň «Türkmenistan», «Zähmet», Baýramaly etrabynyň «Merw», «Täze ýol», Garagum etrabynyň «Aşgabat», «Baýramaly», Wekilbazar etrabynyň J.Atajanow adyndaky, Mary etrabynyň M.Lorsy adyndaky daýhan birleşikleriniň, Sakarçäge etrabyndaky «Haýyrly daýhan» daýhan hojalygynyň galla meýdanlaryna, «Marygallaönümleri» önümçilik birleşiginiň galla kabul ediş kärhanalaryna barlyp görüldi.

12-nji iýunda Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde toparyň agzalary Ak bugdaý, Gökdepe, Bäherden etraplarynyň daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň galla meýdanlaryna, gök-bakja, ot-iýmlik we däneli ekinler ekilen meýdanlara, «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň galla kabul ediş kärhanalaryna we kabul ediş nokatlaryndaky bugdaýyň hilini anyklaýan barlaghanalara baryp gördüler.

16-17-nji iýunda Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň Akdepe, Boldumsaz, Görogly, Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky, Köneürgenç, Saparmyrat Türkmenbaşy, S.A.Nyýazow adyndaky, Ruhubelent etraplarynyň daýhan birleşiklerine we daýhan hojalyklaryna, «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň galla kabul ediş kärhanalaryna barlyp görüldi. Şeýle-de Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän, her ýylda 30 müň tonna tüwi öndürýän kärhanada alnyp barylýan işler bilen tanşyldy, şaly meýdanlaryna aýlanyp görüldi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, kärendeçiler we ýer eýeleri, galla orujy kombaýnlaryň mehanizatorlary, galla daşaýjy awtoulaglaryň sürüjileri bilen duşuşyldy. Gowaça meýdanlarynda zähmet çekýän daýhanlar bilen söhbetdeş bolnup, olaryň armasy ýetirildi. Olaryň hal-ýagdaýlary, zähmet hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanşyldy, möhüm möwsümde işleriň barşy hakynda gürrüň­deş bolundy. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ildeşlerimiz ýokary öndürijilikli traktorlardyr kombaýnlarda, awtoulaglarda işlemek hem-de dynç almak üçin ähli şertleriň döredilendigini, galla hasylynyň ýygnalýan ýerlerinde durmuş hyzmatlarynyň guramaçylykly ýola goýlandygyny buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Galla oragy möwsüminde meýdan düşelgelerinde gysga wagtlyk dynç alyşlar guralyp, gazanlar atarylyp, saçaklar giň­den ýazylýar. Bugdaý ysy burk urýan meýdanlaryň başynda türkmen milli tagamlarynyň dürli görnüşleri taýýarlanylýar, tamdyrda çörek bişirilip, melhem hem ylham bolan tüň­çe çaýlary gaýnadylýar. Halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerini mynasyp dowam etdirmek ugrunda edilýän işler ýaşlarda zähmete söýgini ösdürmäge, olary watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär.

Häzirki döwürde gallasy orlan meýdanlaryň samany ýygnalyp, ol ýerlerde sürüm işleri geçirilip, ýerler aralyk ekinleri ekmek üçin taýýarlanýar. Orak möwsüminiň häzirki gyzgalaň­ly günlerinde hemme ýerde gaýratly zähmet gaýnap joşýar.

Gallaçylar oragyň gyzgalaň­ly dowam edýän döwründe özleri hakda şeýle ünsalada edýändigi üçin milli Liderimize hoşallyklaryny beýan edýärler. Ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, kärendeçi daýhanlaryň iş we durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak barada edýän aladalaryna jogap edip, ýetişdirilen hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnamak hemde öň­de goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrýarlar. Olar oba hojalygyny ösdürmekde, ylmyň iň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda, ekinleri ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyklykda ýetişdirmekde, obalary galkyndyrmakda edýän tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlaryny aýdýarlar.

 

Gurbangül ATAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.