Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“SAGDYN ENE-SAGDYN ÇAGA-SAGDYN GELJEK” ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de “Altyn Asyr-Türkmenistan” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Sagdyn ene-sagdyn çaga-sagdyn geljek” atly 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň kabul edilmegi mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşligi geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny goramak babatda alyp barýan döwlet syýasatyndan ugur alyp ýokanç keselleriniň öňüni almak we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek şeýle-de Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene-sagdyn çaga-sagdyn geljek” atly 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň kabul edilmegi mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Gepleşikde Aşgabat şäheriniň 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Maýa Öküzowa, Aşgabat şäheriniň 15-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Aýjemal Ballyýewa, Aşgabat şäheriniň 16-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Nurgözel Kömekowa dagy çykyş etdiler. Söhbetdeşligi “Altyn Asyr-Türkmenistan” teleýaýlymynyň “ Watan waspy" atly gepleşiginiň redaktory Arrykowa Ogulbossan alyp bardy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.