Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“MAGTYMGULY SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ” ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

 123

Döredijilik duşuşygyny “Altyn Asyr-Türkmenistan” teleýaýlymynyň redaktory Aknabat Klyçewa alyp baryp, onda “Edebiýat we sungat” gazetiniň uly habarçysy Nowruz Gurbanmyradow, “Edebiýat we sungat” gazetiniň jogapkär kätibi Myrat Hudaýgulyýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Gyzylgül Muhammedowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Kümüş Garýagdyýewa çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.