- TM
- RU
Bäherden etrabyndaky Bäherden sement zawodynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleri hem-de zawodyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilelikde gurady.
Zawodyň işçi-hünärmenleriniň gatnaşmagynda bolan duşuşykda ýurdumyzyň häzirki taryhy döwürde alnyp barylýan beýik işler, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesini gözbaşynda raýatlaryň eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, amatly iş şertlerini döretmek bilen bagly tagallalar durandyr. Häzirki wagtda bu ugurda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
Duşuşykda jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi berkitmekde, raýatlaryň döredijilik işjeňligini ösdürmekde, zähmetkeşler üçin döwrüň talabyna laýyk gelýän iş we dynç alyş şertlerini gurnamakda we önümçiligiň netijeliligini hasda ýokarlandyrmakda kärdeşler arkalaşyklarynyň ornunyň uludygy aýratyn bellenip geçildi hem-de şonuň bilen baglanyşykly gürrüňe aýratyn üns çekildi. Işjeňlige eýe bolan duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça aýdylan öwüt-ündewler, degerli maslahatlar işçi-hünärmenlerde uly täsirleri döretdi.
Merdan ANNAÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.