Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“SAGDYN ENE-SAGDYN ÇAGA-SAGDYN GELJEK” ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de “Altyn Asyr-Türkmenistan” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamaklarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadagymyzyň halkyň saglygyny goramak babatda alyp barýan döwlet syýasatyndan ugur alyp sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek şeýle-de Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene - sagdyn çaga - sagdyn geljek” atly 2021- 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň kabul edilmegi mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Gepleşigi “Altyn Asyr-Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Watan waspy'' atly gepleşiginiň redaktory Arrykowa Ogulbossan alyp baryp, onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Täzegül Täçmämmedowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň mugallymy Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Oguljuma Akmämmedowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky      Dil, edebiýat we   milli  golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Akmyrat Kuliýew çykyş etdiler.

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.