Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ NUSGALYK ESERLERI- ROWAÇLYKLARA BADALGA” ATLY DUŞUŞYK MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipelerini hem-de beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri - rowaçlyklara badalga” atly duşuşyk maslahaty geçirildi.

123

Maslahatda Türkmenistanyň Içeri işler 4-nji müdirliginiň ministrliginiň wekili Batyr Berkeliýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Şasenem Amadowa, Aşgabat şäheriniň 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Maýa Öküzowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä diller kafedrasynyň mugallymy Batyr Kairow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň mugallymy Arslan Myradow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni Akjemal Suhanowa, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Leýla Annamyradowa dagy çykyş etdiler. Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň orunbasary Sapar Ataberdiýew alyp barydy.

 

Taýýarlan Begenç Ak, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünarmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.