Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MAKSATLY MYRADYNA ÝETER

Eziz Diýarymyz — tebigy süýümleriň aňrybaş görnüşleri bolan pagtanyň, ýüpegiň, ýüňüň bolluk bilen öndürilýän ýurdy. Şol süýümlerden dokalýan matalardan taýýarlanan egin-eşikleriň dürli haryt nyşanlary bilen belgilenip, dünýä bazarlaryna ýaýradylýandygy bolsa, ýurdumyzyň täze tehnologiýalar arkaly berkidilýän dokma pudagynyň önümçilik düzüminiň dünýä ülňülerine gabat gelýändigini görkezýän aýdyň alamatlardyr. Bu gün ol önümler dünýäniň satyn alyjy iri kompanýalarynyň uly gyzyklanmasyny gazanyp bilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa milli haryt nyşanly brendlerdir.

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi arkaly il-günümiziň ösen islegini kanagatlandyrmak üçin, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň içerki bazarlarynyň dükanlaryna ýaýradylýan milli önümleriň hatarynda dürli matalardan başga-da çagalar üçin balak, bermud, şorty, kombinezon, ýeň­siz ýaly egin-eşikler, şeýle hem futbolka, maýka, tunika, sarafan, erkek, zenan, çaga pižamalary, erkekler üçin ýeň­li, ýeň­siz köýnekler ýaly ençeme harytlary görkezmek bolar. Daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutmak bilen, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini barha gi­ňeldýän, milli öwüşginliligi, bedene ýakymlylygy, döwrebaplygy bilen müşderiniň göwnüne ýaraýan bu ajaýyp egin-eşikler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup ulanylmaga berlen täze tehnologiýaly dokma toplumlarynda, şeýle hem durky düýpli täzelenip döwrebaplaşdyrylan önümçilik birleşiklerinde taýýarlanylýar.

Öndürýän ýokary hilli dokma harytlary ildeşlerimiziň söýgüsine mynasyp bolýan «Bahar» tikin önümçilik birleşigi ýurdumyzda baýry kärhanalaryň hatarynda tanalýar. 1936-njy ýylda esaslandyrylyp, dürli atlarda hereket eden bu kärhanada möwsümleýin geýilýän geýimlere aýratyn üns berildi. Gyş aýlaryna niýetlenen içi pagtaly güpbüler, ellikler, şeýle-de harby gullukçylar üçin ýörite toplumlar, çaga we zenan egin-eşikleri bu kärhananyň öndürýän önümleriniň esasyny düzdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu kärhana hem döwrebaplaşdyryldy, önümçilik täze tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilip, önümleriň görnüşleri gi­ňeldildi. Birleşigiň tikinçi hünärmenleriniň öndürýän harytlary ýurdumyzyň içerki bazarlarynda ýokary hili, ösen islegi kanagatlandyryp bilýänligi, geçginliligi bilen tapawutlanýar. Diýarymyzyň dürli ýerlerinden gelýän sargytlar esasynda önüm öndürýän kärhana 3 sany tikinçilik we 1 biçim sehinden, şeýle hem çig malyň, taýýar önümleriň saklanýan 3 sany ammaryndan ybarat. Önümçilik sehleriniň iş aýratynlyklary, öndürýän önümleriniň görnüşleri, kärhananyň çig mal üpjünçiligi barada birleşigiň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Oguldurdy Dadaýewanyň beren gürrü­ňi bu ýerde alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berdi.

— Ösüşli ýolda öz ornu­ňy berkitmek, gazanýan netijä­ňi hemişe ýokarlandyryp, ýe­ňişli menzili­ňi ýeneki üstünlikler, nusgalyk işler bilen dowam etmek döwrümiziň talabydyr. Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde yzygiderli döwrebaplaşdyrylýan dokma pudagynda mynasyp orun alan kärhanamyzyň tikinçileri gazanylýan her bir üstünlikde öz paýyny görmäge çalyşýarlar. Önümleri dünýä belli bolan Türkmenistanyň jinsi toplumynda, Ruhabat dokma toplumynda, paýtagtymyzdaky Aşgabat we Türkmenbaşy, şeýle hem Gypjakdaky S.Nyýazow adyndaky dokma toplumlarynda dokalýan ýokary hilli, dürli görnüşli matalar kärhanamyzyň esasy çig malydyr. Önümiň esasy gymmaty tikiliş aýratynlygy bilen birlikde onuň çig malynda jemlenýär. Gymmaty dünýä belli türkmen pagtasyndan öndürilýän matalarymyz ýurdumyzyň halkara söwda gatnaşyklarynda ýokary derejeli saýylýan önümlerdir.

Tikin tikýän, bürjeýän, ilik berkidýän, onuň halkalaryny taýýarlaýan, milli geýimleri nagyşlaýan, garaz, tikinçilik bilen bagly ähli işi ýerine ýetirýän kämil enjamlar oturdylan sehimiziň 2-sinde, kärhanamyzyň öň­den gelýän däbine görä, harby gullukçylar üçin ähli pasla degişli geýimler toplumy öndürilýär. Milli öwüşgin berlip tikilýän geýimleriň her birinde ykjamlyk, rahatlyk, göze gelüwlilik talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Önümleri köp görnüşli tikinçilik birleşigimiziň 3-nji sehinde täze dogan çagalara we ýetginjeklere niýetlenen trikotaž önümleri bilen birlikde, ýakasy nagyşlanan ştapel matasyndan zenan lybaslary, erkekler üçin milli biçüwdäki balaklar tikilip, ýurdumyzyň welaýatlaryna ýaýradylýar. Naýbaşy önümlerimiziň hatarynda bolan panbarhat matasyndan ýakasy nagyşly lybaslaryň, erkeklere niýetlenen pižamalaryň, şeýle hem dürli şekiljikler, güljagazlar bilen baýlaşdyrylyp tikilýän çaga egineşikleriniň sargydy hemişe ýetik.

Mekdep ýaşly çagalaryň lybaslaryny öndürýän öň­debaryjy dokma toplumlarydyr tikin fabrikleriniň hatarynda bolan birleşigimiziň tikinçileriniň öndürýän okuw geýimleri täze okuw ýylynyň öň ýanynda ýörite guralýan mekdep bazarlarynda ildeşlerimiz tarapyndan höwes bilen satyn alynýar. Gyzlar üçin ýaşyl reňkli okuw penjegi, ýakasy milli nagyşly köýnek, okuw öň­lügi, okuwçy gyzlar we oglanlar üçin ak reňkli laboratoriýa dony — önümçilik birleşigimiziň tikinçileriniň elinden çykan bu harytlar ýaşajyk türkmenistanlylaryň söýgüsini gazanan, olaryň höwes bilen geýýän lybaslarydyr. «Maksatly myradyna ýeter» diýýändir halkymyz. Tikin önümçilik birleşigimizde zähmet çekýän hünärmenlerimiziň hem esasy maksady owadan, amatly, geýeniň­de ykjam lybaslar bilen ilaty begendirmekdir — diýip, Oguldurdy Dadaýewa söhbedini paýawlaýar.

Hawa, arzyly maksatlar hemişe ýe­ňişli menzile eltýär. Önümçiliginde millilige, köpdürlülige, döwrebaplyga aýratyn üns berip, her bir menzili täze ýeňişler bilen garşylaýan «Bahar» tikin önümçilik birleşiginiň agzybir işgärler toparynyň maksady olaryň öndürýän önümlerinde aýdyň şöhlelenýär. Ýagny bäbejiklere niýetlenen dürli görnüşli naşyja geýimlerden başlap, işçiler, harby gullukçylar üçin tikilýän toplumlarda, ildeşlerimiziň söýgüsine mynasyp bolan ençeme görnüşli trikotaž we beýleki önümlerde olaryň tutanýerli zähmeti jemlenýär.

 

Aýnabat DURDYÝEWA. «Türkmenistan».

Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.